Bageri: Eýran we Siriýa sebitdäki durnuklylygyň esasy sütünidir
(last modified Tue, 04 Jun 2024 12:46:53 GMT )
Jun 04, 2024 17:46 Asia/Ashgabat
  • Bageri: Eýran we Siriýa sebitdäki durnuklylygyň esasy sütünidir

Eýranyň Daşary işler ministriniň wezipesini ýerine ýetiriji Eýran bilen Siriýa ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ýolundaky iki ýoldaş, kärdeş we ýakyn dost we sebitdäki durnuklylygyň esasy sütünleridirler diýip beýan etdi.

Eýran Press habar gullugynyň habaryna görä; Eýranyň Daşary işler ministriniň wezipesini wagtlaýyn ýerine ýetiriji Ali Bageri, Sriýanyň daşary ýurt ministri Faýsal Moqdad bilen duşuşandan soň, şu gün öýlän kärdeşi bilen bilelikde geçirilen metbugat ýygnagynda içerki we daşary ýurt habarçylarynyň soraglaryna jogap berdi.

Bageri Siriýa eden saparynyň maksadyny, Eýranyň hyzmatdaşlygyny we garşylyk oky bilen goldawyny dowam etdirmek we we sionist okkupasiýasyna garşy durmak üçin bolýandygyny habar bermek bilen, Eýran bilen Siriýa ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ýolundaky iki ýoldaş, kärdeş we ýakyn dost we sebitdäki durnuklylygyň esasy sütünleridir diýipyglan etdi.

Eýranyň Daşary işler ministriniň wezipesini ýerine ýetirijisi şeýle-de Eýran bilen Siriýa dört onýyllykdan gowrak wagt bäri hyzmatdaşlyk edendiklerine buýsanýarlar we sebitdäki durnuksyzlygyň sebäbiniň basyp alyjy sionist režiminiň adamkärçiliksiz hereketlerdigini bilýärler diýdi.

Bageri şeýle hem sebitdäki durnuksyzlyga garşy göreşmek we Siriýanyň ösmegine  kömek etmek üçin Eýranyň bu ýurt bilen galjakdygyny aýtdy.

Eýranyň Daşary işler ministriniň wezipesini wagtlaýyn ýerine ýetiriji, Eýranyň sebit ýurtlarynyň, esasanam Siriýanyň territorial bitewiligini hemişe goldaýandygyny aýtmak bilen Eýran Yslam Respublikasyna garşy basyş syýasaty Amerikanyň täze syýasaty däl; Eýran halky howpy pursata öwürýär we bu basyşlara garamazdan Eýran Siriýa we Yraga kömek edip terrorçylyk köklerini ýok edip bildi diýdi.

Bu metbugat ýygnagynda Siriýanyň Daşary işler ministri Tähran-Damaskyň strategiki gatnaşyklarynyň dowamlylygyny möhüm hasaplady we Eýran bilen Siriýanyň arasyndaky gatnaşyklaryň dowam etmeginiň ähmiýetini nygtamak bilen bu gatnaşyklar strategikidir, şonuň üçin biz Eýran-Siriýa gatnaşyklaryny çuňlaşdyrmaga we beýleki arap ýurtlaryny birleşdirmäge aýratyn ähmiýet berýäris diýdi.

Tags