Jun 05, 2024 11:24 Asia/Ashgabat
  • Eýran, Hytaý we Russiýa ýadro ylalaşygyň günbatar ýurtlary tarapyndan gaýtadan dikeldilmegini talap edýärler

Eýran, Hytaý we Russiýa döwletleri ýadro ylalaşygyň düzgünleriniň henizem güýjüniň bardygyny nygtap, bu şertnamanyň durmuşa geçirilmegini erbet ynamlary we hereketsizligi bilen tamamlan Günbatar ýurtlaryna, syýasy erk görkezmek bilen, bu şertnamanyň durmuşa geçirilmegini dowam etdirmek üçin zerur ädimleri ätmelidigini maslahat berdiler.

IRNA-nyň irdenki habaryna görä, halkara atom energiýasy gullugynyň Dolandyryjylar geňeşiniň çärýekleýin mejlisinde Eýranyň, Hytaýyň we Russiýanyň tarapyndan ilkinji gezek hödürlenen bu bilelikdäki beýanynda: ýurtlarymyz yzygiderli ýadro ylalaşygyny goldaýandyrlar diýip getirlendir.

Eýran, Hytaý we Russiýa "ýadro ylalaşygyny dikeltmek üçin ähli güýjümizi gaýgyrmaýandyklaryny" nygtadylar we Wena gepleşikleriniň 8 tapgyrynyň netijesinde ýadro ylalaşygynyň durmuşa geçirilmeginiň täzeden başlamagy barada ylalaşmaga taýýardyklaryny ýatladylar.

Bu beýannama Wenada ýerleşýän halkara guramalaryndaky Russiýanyň ilçisi we hemişelik wekili Mihail Ulianow tarapyndan berildi.

 

Tags