Jun 04, 2024 12:50 Asia/Ashgabat
  • 15-nji Hordad; Eýran halkynyň beýik yslam hereketiniň başlangyjy

Şu gün (sişenbe), 1403-nji ýylyň 15-nji Hordady (miladydan öňki 2024-nji ýylyň 4-nji iýuny) 1342-nji ýylda (1963-nji ýyl) Eýran Yslam Respublikasynyň beýik düýbüni tutujy Ymam Homeýniniň (RA) taryhy hereketiniň ýyl dönümine gabat gelýär.

1342-nji ýylyň 15-nji Hordadyndaky aýaga galmak (1963-nji ýylyň iýuny), Yslam Rewolýusiýasynyň taryhynda öwrülişik nokady we Eýran halkynyň yslam hereketiniň başlangyjydyr.

Pahlawi režiminiň adamlary, 1342-nji ýylyň 15-nji Hordadynda, Ymam Homeýniniň (RA) Gumyň  Faýzieh mekdebinde aç-açan paş ediji çykyşyndan soň(Tähran welaýatynyň günortasy), bu mukaddes şäherdäki Ymamyň öýüne hüjüm edip ol hezret tussag edildi.

Ymam Homeýni (RA) Aşura güni Gomyň Faýziýa mekdebinde mäkäm we berk sözler bilen  Pahlawi režiminiň jenaýatlaryny we Şahyň Ysraýyl režimi bilen gatnaşyklaryny paş etdiler.

Ymam Homeýniniň (RA) tussag edilmegine jogap hökmünde Eýranyň dürli şäherlerinde adamlar Şah režimine garşy köpçülikleýin demonstrasiýa guradylar.

Bu nägilelikler wagtynda režimiň howpsuzlyk enjamlarynyň basyp ýatyryjy güýçleri rehimsizlik bilen hüjüm etdiler, we  Gumdaky Faýzih mekdebinde kop adamy şehit, ýaraly we tussag etdiler.

Bu taryhy aýaga galyş, Yslam hereketiniň Pahlawi režiminiň awtoritar dolandyryşyna garşy gapma-garşylygynyň başlangyjydy we Yslam rewolýusiýasynyň intellektual, syýasy we jemgyýetçilik esaslaryny döretmek üçin amatly şertler döretdi.

Ymam Homeýniniň (RA) hereketi 1963-nji ýylda başlandy we 1979-njy ýylda Eýranyň Yslam Rewolýusiýasy ýeňiş gazandy we 15-nji Hordad aýaga galyşy bu yslam hereketiniň ýeňşinde inkär edip bolmajak we ajaýyp rol oýnady.