Eýran mejlisiniň başlygy: Pars aýlag hyzmatdaşlygy geňeşi öz güýjüni Sionist režiminiň söweş maşynyny duruzmak üçin ulanmaly
(last modified 2024-10-20T12:56:44+00:00 )
Oct 20, 2024 17:56 Asia/Ashgabat
  • Eýran mejlisiniň başlygy: Pars aýlag hyzmatdaşlygy geňeşi öz güýjüni Sionist režiminiň söweş maşynyny duruzmak üçin ulanmaly

Eýranyň Yslam Şura mejlisiniň başlygy, Pars aýlag hyzmatdaşlygy geňeşiniň güýjüni Sionist režiminiň söweş maşynyny duruzmagyň ýerine Eýran Yslam Respublikasynyň territorial bitewiligi barada esassyz talaplary öňe sürýändigini aýtdy.

Pars aýlag hyzmatdaşlygy geňeşiniň we Ýewropa Bileleşiginiň agza döwletleri çarşenbe güni (16-njy oktýabr) Uly Tunb we Kiçi Tunb we Bumusa üç adasy baradaky esassyz talaplary gaýtalamagy dowam etdirmek bilen Eýrana garşy beýanat berdiler.

IRNA habar gullugynyň habaryna görä, Eýranyň Yslam Şura mejlisiniň başlygy "Muhammet Bager Galibaf" ýekşenbe güni Mejlisiň açyk ýygnagynda Ýewropa Bileleşigi we beýleki boş sözleýänler Bumusa, Uly Tunb we Kiçi Tunb adalarynyň üçüsiniň Eýranyň bir bölegidigini we hiç kim bu ýörelgä garşy çäre görmäge het edip bilmez diýdi.

Galibaf şeýle-de Ýewropa Bileleşiginiň we bu bileleşigiň käbir täsirli ýurtlarynyň garaşsyz we güýçli ýurtlardan sionist režimiň buýruklaryny diňleýän we şol režimiň Gazadaky we Liwandaky genosidini aklaýan aktýorlara çenli peselendigini aýtdy.

Eýranyň mejlis başlygy şeýle hem Palestinanyň Yslam Garşylyk Hereketiniň (Hamas) syýasy edarasynyň başlygy yaahýa Al-Sanwaryň şehit bolmagyna yşarat edip, zulum we basyp alyşlyga garşy göreşiň gahrymanynyň şehit bolmagy her bir erkin adam üçin agyrdyr diýdi.