Eýranyň Daşary işler ministrliginiň metbugat sekretary: Sionist režimi ýalan esasynda döredildi
(last modified 2024-10-20T08:29:22+00:00 )
Oct 20, 2024 13:29 Asia/Ashgabat
  • Eýranyň Daşary işler ministrliginiň metbugat sekretary: Sionist režimi ýalan esasynda döredildi

Eýranyň Daşary işler ministrliginiň metbugat sekretary sionist režimiň düýbüni ýalanlara we hakykatyň ýoýulmagyna esaslanýar diýip hasaplady.

Şenbe güni Sionist metbugaty Sionist režimminiň premýer-ministriniň Geýszariýadaky ýaşaýyş jaýyna pilotsyz hüjüm edilendigini habar berdiler.

Bu talapdan soň Sionist režimminiň premýer-ministri Benýamin Netanýahu Eýrana garşy täze aýyplamada Eýranyň wekilleriniň ony öldürmäge synanyşandygyny toslady.

IRNA habar gullugynyň habaryna görä, Eýranyň Daşary işler ministrliginiň metbugat sekretary "Ysmaýyl Bagaýý Hamaneh" Sionist režiminiň premýer-ministriniň binasyna edilen hüjüm barada we bu meselede Sionistleriň ýalan toslamalary barada beren gürrüňlerinde, Sionist režimi ýalan we hakykatlaryň ýoýulmagy esasynda döredildi we ýalan ýaýratmak bu režimiň we jenaýatçy ýolbaşçylarynyň häzirki we hemişelik işidir diýdi.

 

Tags