Eýranyň Daşary işler ministri: Ysraýylda ähli nyşanalar kesgitlenildi
(last modified 2024-10-20T16:09:41+00:00 )
Oct 20, 2024 21:09 Asia/Ashgabat
  • Eýranyň Daşary işler ministri: Ysraýylda ähli nyşanalar kesgitlenildi

Eýranyň daşary işler ministri Eýrana garşy islendik hüjümiň gyzyl çyzyklardan geçmegi aňladýandygyny aýtmak bilen Ysraýylda ähli nyşanalaryň kesgitlenendigini aýtdy.

Eýranyň Daşary işler ministri Seýid Abbas Aragçi anna güni Stambulda geçirilen 3 + 3 sebitleýin hyzmatdaşlyk mehanizm ýygnagynyň çäginde Türkiýäniň NTV kanalyna beren interwýusynda Ysraýylyň Gazada we Liwanda ABŞ-syz jenaýat edip bilmejekdigine ünsi çekip, Sionist režimiň ulanýan ýaraglarynyň hemmesini ABŞ üpjün edýändigini aýtdy.

Eýranyň daşary işler ministri ABŞ-nyň sionistleriň ýaranydygyny we sebitde uly göwrümli söweş başlasa ABŞ-nyň hem  oňa çekiljekdigini aýtdy.

Eýranyň haýsydyr bir hüjümi jogapsyz galdyrmajakdygyny bellän Aragçi, Ysraýylyň kesgitlenen ähli nyşanalaryna, Eýrana garşy islendik hüjüme garşylykly jogap berjekdigini aýtdy.

Eýranyň diplomatik gullugynyň başlygy Eýran Yslam Respublikasynyň Sionist režiminiň ykdysady ýa-da raýat desgalaryna hüjüm etmändigini we diňe harby desgalary nyşana alandygyny aýtmak bilen, ýöne indi basyp alnan ýerlerdäki ähli nyşanalaryny kesgitledi we olaryň Maksatlaryna şuňa meňzeş hüjüm ediler diýdi.

Tags