Sionistleriň Liwan Hizbullahynyň inisiatiwasyna garşy şowsuzlygy
(last modified 2024-10-15T14:04:30+00:00 )
Oct 15, 2024 19:04 Asia/Ashgabat
  • Sionistleriň Liwan Hizbullahynyň inisiatiwasyna garşy şowsuzlygy

Liwan Hizbullahyň basyp alnan ýerlerdäki sionist režiminiň harby merkezine eden innowasiýa hüjümi, garşydaş toparlaryň harby operasiýalarynyň öňünde sionistleriň şowsuzlygyny we ejizligini ýene bir gezek görkezdi.

Liwan Yslam garşylyk operasiýa palatasy duşenbe güni sionist režimine duýduryş beren beýanynda , Duşmana şu gün şaýat bolan zadynyň (Golani brigadasyna edilen hüjüm) garaşmaly hüjümleriň diňe ujypsyzja bölegi boljakdygyny duýdurýarys diýdi. Hizbullah bu beýannamada duşmanyň Liwan we Gazanyň halkyna garşy agressiýasyny dowam etdirmek islese, hüjümleriniň hasam güýçlenjekdigini aýtdy. Liwanyň Yslam garşylyk operasiýa palatasy bu beýannamada şeýle diýdi: Raketalar we pilotsyz uçarlar bilen ýörite we bilelikdäki operasiýa Aka we Haýfa sebitlerine geçirildi, şonuň üçin pilotsyz uçarlar radarlardan geçip, "Benýaminadaky" Golani brigadasynyň türgenleşik lagerine ýetdi.

Hizbullanyň Liwanda geçirilen täze operasiýasynda onlarça sionist basyp alnan ýerlerde ýaralanyp öldürildi. sionist režiminiň habar beriş serişdeleri bu operasiýanyň üstünlikli bolandygyny köp sanly habar çap etmek bilen tassykladylar we Haýfanyň Benýamina sebitindäki sionist režimiň harby bazasyna garşy pilotsyz hüjümiň esasy maksadynyň basyp alyjy goşunyň baştutany Herzi Halewi bolandygyny habar berdiler.

Geçen  13-nji oktýabrda we 14-nji oktýabrda Liwanyň Hizbullah hereketi sionist goşunyna garşy uly göwrümli operasiýalary üstünlikli amala aşyrdy we sionistlere düzedip bolmajak zarba urdy, Sionist häkimiýetleri bolsa bu hüjümleriň netijelidigini boýun aldylar.

Çap edilen habarlar bu operasiýada sionist esgerleriň pidalarynyň köpelendigini görkezýär. Yrak yslam garşylyk söweşijileri duşenbe güni basyp alnan ýerleriň günortasyndaky Haýfa şäherinde 2 sany möhüm nyşana hüjüm etdi. Bu hüjüm Liwanyň Hizbullahynyň Haýfadaky sionist harby kazarmasyna üstünlikli hüjüm edeninden birnäçe sagat soň boldy.

Liwanyň “Hizbullah” operasiýasynyň täze tapgyry, garşylyk güýçleriniň, esasanam Liwanda, sionist režimine garşy durmak ugrundaky üstünlikli çemeleşmesiniň dowamyny görkezdi. Bu bilelikdäki operasiýa bilen Liwanyň Hizbullahy sionistlere garşy söweşiň öň hataryna täsir etmek ukybyny ýene bir gezek görkezdi.

 

 

 

Tags