Jun 22, 2024 17:42 Asia/Ashgabat
  • Ynkylapyň ýokary ýolbaşçysy, adamlaryň meseleleriniň adalat esasynda çözülmegini nygtadylar

Yslam rewolýusiýasynyň ýokary lideri, kazyýet ulgamynyň esasy jogapkärçiligi hökmünde "halkyň meselelerini we jedellerini adalat esasynda çözmek" we "kanunyň gyzyl çyzygyndan gçmegiň öňüni almak" hasapladylar.

Ýolbaşçynyň edarasynyň maglumat bazasyna görä; Yslam rewolýusiýasynyň ýokary lideri Aýatolla Hameneýi Hezretleri şenbe güni Eýranyň kazyýet işgärleri bilen duşuşanda ýaňky meseleleri nygtap Kazyýet ulgamynyň iň möhüm borjy adalaty kanuna laýyk batyrgaý ýerine ýetirmekdir diýdiler.

Yslam Rewolýusiýasynyň Ýolbaşçysy şeýle-de Guranda we beýleki yslam çeşmelerinde "adalat" ýaly meselä kän uns berilendigini we adalatyň durmuşa geçirilmegi üçin batyrgaýlygyň zerurdygyny aýtmak bilen kazylar günbatar adam hukuklary çeşmelerine däl-de eýsem içerki kanunlara ýüz tutmalydyrlar diýip beýan etdiler.

Hezreti Aýatolla Hameneýi, Eýranda geçiriljek prezident saýlawlarynyň 14-nji möhletiniň ýakynlaşýandygyny aýtmak bilen prezident saýlawlaryna dalaşgärlere berlen möhüm maslahatda Dalaşgärleriň telewizorda çekişmeleri ýa-da beýleki sözleri dalaşgäriň garşydaşdan üstün çykmak üçin duşmançylykly sözleri aýtmakdan we duşmany begendirmegine sebäp bolýan sözleri aýtmakdan saklansynlar diýdiler.