Jun 10, 2024 15:23 Asia/Ashgabat
  • Bageri: BRICS-e agza bolmak, Eýranyň köptaraplaýyn ulgamdaky ornuny we ähmiýetini görkezýär

Eýranyň Daşary işler ministriniň wezipesini wagtlaýyn ýerine ýetiriji, Eýran Yslam Respublikasynyň BRICS-e agza bolmagy Eýranyň köptaraplaýyn ulgamdaky ornuny we ähmiýetini görkezýändigini aýtdy.

IRNA habar gullugynyň habaryna görä, BRICS-iň daşary işler ministrleriniň ýygnagyna gatnaşmak üçin düýn agşam Russiýanyň Nižniý Nowgorod şäherine giden Ali Bageri keni BRICS, Günbatar birtaraplaýynlygyň çäginden daşarda we möhüm ýurtlaryň gatnaşmagynda rol oýnaýan iň uly halkara ykdysady topardyr diýdi.

Bagheri Keni, Eýranyň köptaraplaýyn ugurda öňdebaryjy ýurtlardan biridigine yşarat edip şu günki BRICS ýygnaklaryna işjeň gatnaşarys we duşuşygyň çäginde ikitaraplaýyn ýygnaklarda ikitaraplaýyn, sebitleýin we global meseleler boýunça dürli ýurtlar bilen maslahatlaşarys diýdi.

Eýranyň Daşary işler ministriniň wezipesini ýerine ýetirijisi şeýle hem Eýranyň BRICS-e agzalygyny şehitler Seýid Ebrahim Raisi we Huseýin Amir Abdollahýanyň mirasy hasaplady.

BRICS ösüp barýan ykdysady güýçleriň ýolbaşçylygyndaky ýurtlaryň toparynyň ady we gysgaça ady Braziliýa, Russiýa, Hindistan, Hytaý we Günorta Afrika ýaly iňlis atlarynyň ilkinji harplaryndan ýasaldy.

Eýranyň BRICS toparyna agza bolmagy Russiýanyň, Hytaýyň, Braziliýanyň we Hindistanyň ýolbaşçylary bilen bilelikde geçirilen metbugat ýygnagynda Günorta Afrikanyň prezidenti Kiril Ramaphosa tarapyndan 2023-nji ýylyň 24-nji awgustynda resmi taýdan yglan edildi.

Tags