Jun 12, 2024 15:15 Asia/Ashgabat
  • Bageri: BRICS-iň agzasy hökmünde Eýran geljekki dünýäniň ýollaryny kesgitlemek ukybyna eýedir

Eýranyň Daşary işler ministriniň wezipesini wagtlaýyn ýerine ýetirijisi Eýran, BRICS-iň agzasy hökmünde beýleki güýçler bilen birlikde geljekki dünýäniň esasy ýollaryny çekmäge gatnaşyp biler diýdi.

IRNA habar gullugynyň habaryna görä, Eýranyň Daşary işler ministriniň wezipesini wagtlaýyn ýerine ýetiriji Ali Bageri Keni düýn BRICS ýygnagynyň geçirilen ýeri bolan Russiýa Nižniý Nowgoroddan çykmazdan ozal beren gürrüňlerinde, BRICS, Amerikalylaryň öňe sürýän birtaraplaýynlygy diňe bir global meseleleriň we kynçylyklaryň çözgüdini tapyp bilmeýär diýip hasaplamakdan aýry has dogrusy, Amerikanyň çemeleşmesi we başlangyçlary elmydama çykalgasyz yagday netijäni döredýär, we aslynda bu global ýagdaýy has çylşyrymly ýagdaýa salýar  diýip ynanýar diýdi.

Eýranyň Daşary işler ministriniň wezipesini wagtlaýyn ýerine ýetiriji Gaza zolagynyň ýagdaýyna ABŞ-nyň çeken häzirki ýagdaýynyň aýdyň mysaly hökmünde garamak bilen bir tarapdan, amerikalylar iň ösen ýaraglar bilen sionist režimi goldaýarlar, beýleki tarapdan, krizisi çözmek üçin syýasy başlangyç görkezýärler; şonuň üçin bu çemeleşme diňe bir global krizisleri çözmeýär-de, eýsem düwünleri hem kynlaşdyrýar diýip  beýan etdi.

Ol şeýle-de BRICS ýaly bir toparyň, her bir ýurduň we halkara derejesindäki her bir aktýoryň öz mümkinçiliklerine esaslanýan hukuklarynyň bardygyna esaslanyp çynlakaý karar berip biler ýaly we Adalat esasly infrastrukturaly dünýä eýe bolup biler ýaly global umyt döredildi diýdi.

Tags