Jun 13, 2024 13:20 Asia/Ashgabat
  • Eýran, Yslam ýurtlaryndan Ysraýyl režimiň jenaýatlaryny duruzmak üçin amaly herekete baş goşmaklyga çagyrdy

Eýranyň Daşary işler ministriniň wezipesini wagtlaýyn ýerine ýetiriji, Yslam ýurtlarynyň Sionistleriň Gaza zolagyndaky jenaýatyny duruzmak üçin amaly herekete baş goşmaklaryny isledi.

IRNA habar gullugynyň habaryna görä, Eýranyň Daşary işler ministriniň wezipesini ýerine ýetiriji "Ali Bagheri Keni", Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Baş sekretary "Huseýin Ebrahim Taha" bilen telefon arkaly söhbetdeşlikde Rafada sionist jenaýatlarynyň dowam etmegi we artmagy barada aýdyp, Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasynyň agza ýurtlarynyň daşary işler ministrleriniň adatdan daşary ýygnagyny geçirmegini we genosid Ysraýyl režimine garşy aýgytly pozisiýa eýelemäge çagyrdy.