Eýran bilen Russiýanyň ikitaraplaýyn şertnamalaryň ýerine ýetirilmegini nygtadylar
(last modified Fri, 14 Jun 2024 07:57:24 GMT )
Jun 14, 2024 12:57 Asia/Ashgabat
  • Eýran bilen Russiýanyň ikitaraplaýyn şertnamalaryň ýerine ýetirilmegini nygtadylar

Eýran Yslam Respublikasynyň prezidentiniň wezipesini wagtlaýyn ýerine ýetiriji we Russiýa Federasiýasynyň prezidenti iki ýurduň arasyndaky ähli şertnamalaryň ýerine ýetirilişine ünsi çekdiler.

IRIB gullugynyň habaryna görä; Eýranyň ýerine ýetiriji prezidenti Muhammet Mohbar we Russiýanyň prezidenti Wladimir Putin penşenbe güni geçirilen telefon söhbetdeşliginde sebit we halkara arenalarynda ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn gatnaşyklary ara alyp maslahatlaşdylar.

"Muhammet Mohber", Russiýa hökümetiniň Eýran Yslam Respublikasynyň prezidenti Seýid Ebrahim Raisiniň we oňa gatnaşýan delegasiýanyň şehit bolmagyndan soň Eýranyň hökümetine we halkyna duýgudaşlyk bildirýändigine ýene-de bir gezek minnetdarlyk bildirdi, şeýle-de Russiýa güni gutlamak bilen, Tähran bilen Moskwanyň arasyndaky gatnaşyklary strategiki we üýtgemeýän ýörelgelere esaslandyrdy.

Ol şeýle hem söwda, haryt we energiýa pudagy ýaly ähli ikitaraplaýyn şertnamalaryň doly ýerine ýetirilmegi ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň esasy gün tertibini düzýär we Eýran ony durmuşa geçirmegi maksat edinýär diýip beýan etdi.

"Wladimir Putin" hem bu telefon söhbetdeşliginde Eýranyň prezidentiniň şehit bolmagy üçin ýene bir gezek Eýranyň hökümetine we halkyna gynanç bildirmek bilen hyzmatdaşlygyň derejesini we Tähran bilen Moskwanyň arasyndaky dürli ykdysady pudaklarda gatnaşyklaryň ösüş tizligini gaty gowy we kanagatlanarly diýip häsiýetlendirdi we iki ýurduň arasyndaky hyzmatdaşlygyň giňişleýin resminamasyny gatnaşyklary ösdürmek üçin amatly kanuny esas hasaplady.

Russiýanyň prezidenti, şeýle hem, ähli şertnamalaryň doly ýerine ýetirilmegini ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň esasy gün tertibi hökmünde görkezdi.

Tags