Jun 18, 2024 12:38 Asia/Ashgabat
  • Bageri Owganystana kynçylyklary ýeňip geçmäge kömek etmegi nygtady

Eýranyň Daşary işler ministriniň wezipesini wagtlaýyn ýerine ýetiriji Ali Bageri Tähranyň Owganystan bilen dürli ugurlarda hyzmatdaşlyga we bu ýurduň halkyna kömek bermegi dowam etjekdigini aýtdy.

IRIB habar gullugynyň habaryna görä, Eýranyň Daşary işler ministriniň wezipesini wagtlaýyn ýerine ýetiriji "Ali Bageri" we Owganystanyň Talyban hökümetiniň Daşary işler ministri "Amir Han Motagi" telefon arkaly söhbetdeşlikde ikitaraplaýyn hyzmatdaşlyk we Gazadaky söweşiň soňky ýagdaýy we sionist režimiň bu sebitdäki jenaýatlary barada pikir alyşdylar.

Eýran Yslam Respublikasynyň Owganystana kynçylyklary ýeňip geçmäge we bu ýurda mümkin boldugyça öňe gitmäge kömek etmek islegine ünsi çeken Bageri, Tähranyň Owganystan bilen dürli ugurlarda hyzmatdaşlyga we owgan halkyna kömek bermäge taýýardygyny aýtdy.

Eýranyň Daşary işler ministriniň wezipesini wagtlaýyn ýerine ýetiriji, Sionist režimiň Gazadaky jenaýatlarynyň dowam etmegine we Günorta Afrikanyň bu režimi Halkara Kazyýetinde kazyýet işine garamagyna we dünýäniň birnäçe ýurdunyň, şol sanda Latyn Amerikasynyň ýurtlarynyň, Sionist režimi bilen diplomatik gatnaşyklaryny kesmek hereketlerine ünsi çekmek bilen, Yslam ýurtlarynyň bu režime palestinalylara garşy jenaýatlaryny duruzmagy üçin basyş etmekde, esasanam Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasynyň çäginde bilelikde hereket etmegiň zerurdygyny aýtdy.

Owganystanyň Daşary işler ministriniň wezipesini wagtlaýyn ýerine ýetirijisi hem bu telefon arkaly söhbetdeşlikde, Gurban baýramyny gutlamak bilen Eýran bilen Owganystanyň arasyndaky gowy gatnaşyklara ünsi çekip, Tähran bilen Kabulyň dürli ugurlardaky ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygynyň has-da giňeljekdigine umyt bildirdi.

Tags