Yslam Rewolýusiýasynyň Sepah Pasdaranyna garşy Kanadanyň duşmançylykly hereketine Eýranyň reaksiýasy
(last modified 2024-06-20T07:09:13+00:00 )
Jun 20, 2024 12:09 Asia/Ashgabat
  • Yslam Rewolýusiýasynyň Sepah Pasdaranyna garşy Kanadanyň duşmançylykly hereketine Eýranyň reaksiýasy

Eýranyň Daşary işler ministrliginiň metbugat sekretary Kanada hökümetiniň Yslam Rewolýusiýa Gorag Korpusyna garşy alyp barýan duşmançylykly hereketini berk ýazgardy.

Kanadanyň federal hökümeti duşmançylykly hereketde we halkara kanunlaryna ters gelýän Eýranyň Yslam Rewolýusiýa Gorag Korpusynyň adyny resmi taýdan ABŞ-nyň hökümetiniň "terrorist" sanawyna goşdy.

ISNA habar gullugynyň penşenbe güni beren habaryna görä, Eýranyň Daşary işler ministrliginiň metbugat sekretary "Naser Kanani Çafi" Kanada hökümetiniň Yslam Rewolýusiýa Gorag Korpusyny terrorçy diýip yglan etmekdäki syýasy, adaty bolmadyk we akylsyz hereketini berk ýazgardy şeýle hem, "Ottawanyň" bu ýalňyş kararyny duşmançylykly hereket we halkara hukugynyň ülňülerine we kabul edilen ýörelgelerine ters gelýän we Eýranyň milli özygtyýarlylygyna hüjümiň mysaly hasaplady.

Eýranyň diplomatik ulgamynyň metbugat sekretary, Yslam Rewolýusiýa Gorag Korpusynyň Eýran halkynyň içinden dörän we Yslam Respublikasynyň konstitusiýasyndan alnan resmi we kanuny şahsyýeti bolan özygtyýarly edaradygyny aýtmak bilen ýaragly güýçleriň beýleki elementleri bilen birlikde Eýranyň milli howpsuzlygyny we serhetlerini goramakda, şeýle hem terrorçylygyň aýylganç hadysasyna garşy durmak bilen sebitde durnukly howpsuzlyga we durnuklylyga goşant goşmakda jogapkärdir diýdi.

Eýranyň Daşary işler ministrliginiň metbugat sekretary Kanada hökümetiniň bu ýigrenji hereketiniň kanuny we öňüni alyş güýçleriniň öndürilmegine we Yslam Rewolýusiýa Gorag Korpusynyň ygtyýarlygynyň derejesiniň we geriminiň ýokarlanmagyna täsir etmeýändigini aýtmak bilen Eýran Yslam Respublikasy, Kanadanyň bu hereketine proporsional we garşylykly jogap hökmünde öz hukuklaryny saklaýar diýdi.

Tags