Jun 22, 2024 13:14 Asia/Ashgabat
  • Eýranyň Owganystandaky ekstremizm we ösmezlige garşy göreşmäge taýýarlygy

Eýranyň Birleşen Milletler Guramasyndaky hemişelik wekili Eýran Owganystandaky ekstremizme, terrorçylyga we ösmezlige garşy göreşmek üçin we Owganystanyň gaýtadan dikeldilmeginde işjeň rol oýnamaga taýýardygyny mälim etdi.

IRNA-nyň habaryna görä, Eýranyň Birleşen Milletler Guramasyndaky ilçisi we hemişelik wekili "Amir Said Irwani" düýn (anna) Birleşen Milletler Guramasynyň Howpsuzlyk Geňeşiniň mejlisinde "Owganystandaky ýagdaý" barada beren gürrüňlerinde Owganystana gumanitar kömek bitarap we şertsiz galmalydyr, kömegiň islendik syýasylaşdyrylmagy owgan halkyna zyýan ýetirer diýip aýtdy.

Irwani şeýle hem Eýran Yslam Respublikasy henizem Owganystany goldamagy maksat edinýär we sanksiýalara garamazdan Owganystanyň halkynyň ýüzbe-ýüz bolýan kynçylyklary wagtynda serhetlerini owgan bosgunlary we göçürilenler üçin açyk saklaýar diýdi.

Eýranyň Birleşen Milletler Guramasyndaky hemişelik wekili Owganystan halkara kömeginiň ep-esli azalmagy sebäpli hasam agyr ykdysady we gumanitar krizislere duçar bolýar, şeýle ýagdaý köp adama, esasanam aýallara we çagalara täsir edýär diýdi.

Eýran bilen Owganystanyň halkynyň arasyndaky gowy gatnaşyklar, owgan raýatlarynyň Eýrana göçmegi we 4 on ýyldan gowrak wagt bäri Eýranda owgan immigrantlarynyň bolmagy owganlylaryň Eýran Yslam Respublikasyny ikinji watany hasaplamagyna sebäp boldy.

Tags