Jun 27, 2024 10:16 Asia/Ashgabat
  • Eýran bilen Russiýa Gaz geçiriji ylalaşygyna gol çekip gatnaşyklaryny çuňlaşdyrýarlar

Eýran Yslam Respublikasynyň wezipesini wagtlaýyn ýerine ýetiriji, Russiýanyň gazyny Eýrana geçirmek baradaky bilelikdäki memoranduma gol çekilmegi iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklary çuňlaşdyrmak ugrundaky uly ädim we ykdysady ösüşe gönükdirilen täsirli çäre diýip hasaplady.

Çarşenbe güni Russiýanyň prezidenti Wladimir Putin bilen telefon arkaly söhbetdeşlikde Eýranyň prezidentiniň wezipesini ýerine ýetiriji Muhammet Mohber rus gazynyň Eýrana geçirilmegi baradaky bilelikdäki memoranduma gol çekilmegi barada aýdyp, bu meýilnamanyň durmuşa geçirilmegi bilen diňe iki ýurduň ykdysady bähbitleri däl, eýsem tutuş sebitiň bähbitleri üpjün ediler diýdi.

"Wladimir Putin" Russiýa bilen Eýranyň arasynda bilelikdäki strategiki gaz geçiriş şertnamasyna gol çekilendigine kanagatlanma bildirdi we bu şertnamany iki ýurduň bähbitlerini goramak we sebitara we halkara bähbitleri üçin ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy güýçlendirmek üçin ajaýyp waka hasaplady.