Jun 29, 2024 10:30 Asia/Ashgabat
  • Bagheri we Lawrow, Eýran bilen Russiýanyň arasyndaky gatnaşyklary giňeltmek barada pikir alyşdylar

Eýranyň Daşary işler ministriniň wezipesini ýerine ýetiriji we Russiýanyň Daşary işler ministri Tähran bilen Moskwanyň arasyndaky gatnaşyklaryň giňelmegine ünsi çekdiler.

IRNA-nyň anna güni agşamky habaryna görä; Eýranyň Daşary işler ministriniň wezipesini wagtlaýyn ýerine ýetiriji Ali Bagheri Keni Russiýanyň Daşary işler ministri Sergeý Lawrow bilen telefon arkaly söhbetdeşlikde Eýran Yslam Respublikasy bilen Russiýanyň arasyndaky ikitaraplaýyn hyzmatdaşlykda bolup geçen soňky wakalar, esasanam hyzmatdaşlykda özara düşünişmek memorandumyna gol çekişmek barada durup geçdi.

Eýranyň diplomatik gullugynyň başlygy Liwanyň sionistleriň Liwana bolup biljek çozuşyna garşy durmaga taýýardygyny aýtdy we bu krizisiň sebitiň beýleki ýerlerine ýaýramagy sebäpli sionistleriň jenaýatlarynyň dowam etmeginiň öňüni almagy möhüm hasaplady.

Bu telefon söhbetdeşliginde Russiýanyň Daşary işler ministri hem ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň etabyndan hoşaldygyny aýtdy we Eýran bilen gün tertibindäki meseleleriň öňe sürmek ugurda rus häkimiýetiniň alada edýändigini yglan etdi.

Tags