Jun 28, 2024 17:52 Asia/Ashgabat
  • Kanani: Amerikan resmisiniň Eýranyň saýlawlaryna garşy aýdan sözleri esassyz we aç-açan gatyşmakdyr

Eýran Yslam Respublikasynyň Daşary işler ministrliginiň metbugat sekretary, amerikan resmileriniň Eýranyň prezident saýlawlary baradaky talaplaryna jogap edip Amerikan işgärleriniň bu sözleri esassyz we aç-açan gatyşmakdyr diýdi.

ABŞ-nyň Döwlet departamentiniň Eýran işleri boýunça ýörite wekiliniň orunbasary Abram Pili çarşenbe güni (26-njy iýunda) Eýranda erkin we adalatly saýlawlaryň geçirilmeýändigini toslady, bu toslama Eýran Yslam Respublikasynyň diplomatik ulgamynyň reaksiýasyna duçar boldy.

IRNA habarlar gullugynyň habaryna görä; Eýran Yslam Respublikasynyň Daşary işler ministrliginiň metbugat sekretary Naser Kanani Çafi şu gün (anna) Abram Piliniň gatyşmak sözlerini ýazgarmak bilen öňküler ýaly, Eýranyň halky saýlawlara täsirli we joşgunly gatnaşmagy bilen şeýle interwensiýa sözlerine berk jogap berer diýdi.

Kanani sözüniň dowamynda dünýä ýurtlary Amerikanyň demokratiýasynyň täsirini we netijelerini Amerikanyň Birleşen Ştatlarynda we dünýäniň dürli sebitlerinde gördüler we ajy tagamyny dadyp gördüler diýmek bilen mysal üçin, basyp alnan ýerlerde Amerikanyň demokratiýasynyň we adam hukuklarynyň netijesi, basyp alyş, jynsparazlyk, uruş, gan döküşikli we terrorçylykly hereketlerde meşhur we görnükli jenaýatçylardyr diýip beýan etdi.

Eýranyň Daşary işler ministrliginiň metbugat sekretary şeýle hem Palestindäki we basyp alnan ýerlerde genoside nägilelik bildirýän Amerikan uniwersitetleriniň talyplary we mugallymlary bilen iş salyşmagyň usulyny adam hukuklary we söz azatlygy baradaky Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň bu ugurdaky ýazgylarynyň aýdyň subutnamasy hökmünde garady.

Tags