Eýranyň Şanhaý guramasynda bilelikdäki erkin zolaklar ulgamyny döretmäge berýän ünsi
Eýranyň prezidentiniň wezipesini wagtlaýyn ýerine ýetiriji, Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasynyň sammitinde bu guramanyň derejesinde bilelikdäki erkin zolaklar ulgamyny döretmegi teklip etdi.
IRNA habar gullugynyň habaryna görä, penşenbe güni Gazagystanyň paýtagty Astana şäherinde geçirilen 24-nji Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasynyň sammitinde Eýranyň ýerine ýetiriji prezidenti Muhammet Mohbar "Umumy erkin zolakly tor" şeýle hem, "artykmaç we erkin söwda şertnamalary ýaly ykdysady şertnamalary döretmegi" teklip edildi.
Mohbar Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasynyň agza ýurtlarynyň mümkinçilikleriniň halklaryň abadançylygyna we durnukly parahatçylygy we öz içine alyjy ösüşi durnuklaşdyrmak üçin ulanylmagyna ünsi çekip, tranzit koridorlaryň işjeňleşmegi söwda we ykdysady ösüşi ýeňilleşdirmekde we netijede agza ýurtlaryň syýasy durnuklylygynda möhüm rol oýnaýar diýip nygtady.
Eýranyň prezidentiniň wezipesini wagtlaýyn ýerine ýetiriji, Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasynyň agzalarynyň dünýä ýurtlary bilen Demirgazyk-Günorta Koridor we Eýranyň günorta portlary arkaly has arzan we has çalt söwda edip biljekdigini sözüniň üstüne goşdy.
Syýasy gurallaryň, esasanam energiýa pudagynda zalym birtaraplaýyn sanksiýalaryň ulanylmagyna garşy çykmak bilen bir hatarda, Eýranyň energiýa pudagynda hemişe köptaraplylyk syýasatyny alyp barýandygyny aýtdy.
Mohbar şeýle-de, Şanhaý agzalarynyň geleşiklerinde dollaryň ýok edilmegine ünsi çekdi we "Şanhaý bilelikdäki bankynyň döredilmegi" agza ýurtlaryň maliýe we ykdysady ugurlardaky hyzmatdaşlygynyň derejesini ýokarlandyryp biljekdigini aýtdy.
Eýranyň prezidentiniň wezipesini wagtlaýyn ýerine ýetirijisi şeýle hem sionist režimiň Gaza zolagynda edýän jenaýatlaryny ýazgarmak bilen, Amerikanyň goldawy bilen Sionist režimi tarapyndan Gazanyň çydamly we ezilen halkyna garşy gazaply we guramaçylykly jenaýatlaryň dowam etmegi adamzat jemgyýetini haýran galdyrdy diýip sözlerine goşdy.