"Masud Pezeşkian" Eýranyň prezidenti boldy
"Masud Pezekian", Eýranyň 14-nji prezident saýlawynyň ikinji tapgyrynda sesleriň köplügini gazanyp, Eýranyň saýlanan prezidenti boldy.
IRIB habar gullugynyň habaryna görä, "Massud Pezeşkian" jemi 30 million 530 müň 157 sesden 16 million 384 müň 403 ses bilen Eýranyň 9-njy saýlanan prezidenti bolup bildi.
Eýranyň 9-njy prezidenti 1333-nji ýylda doguldy we ýürek operasiýasy boýunça hünärmen derejesine eýedir.
Pezeşkian Eýranyň Yslam Şura Mejlisiniň Töwriziň, Azarşahryň we Eskonyň (Gündogar Azerbaýjan welaýaty) halkyna wekilçilik etmegiň 5 möhletinden başga-da, Eýranyň Saglygy goraýyş, bejeriş we lukmançylyk bilim ministri hem boldy.
Eýranyň 14-nji prezident saýlawynyň ikinji tapgyry düýn (anna) ýurduň çar künjegindäki adamlaryň we dünýäniň käbir ýurtlarynda ýaşaýan eýranlylaryň höwes bilen gatnaşmagynda geçirildi.