" Masud Pezeşkiýan" Eýran halkynyň saýlanan prezidenti boldy.
Eýranyň Öňki Saglyk ministri we Yslam Geňeşiniň häzirki wekili Masud Pezeşkiýan 14-nji prezident saýlawynda iň köp ses alyp, Eýran halkynyň saýlanan prezidenti hökmünde saýlandy.
Eýranyň 14-nji prezident saýlawynyň ikinji tapgyry düýn irden (5-nji iýulda, anna güni) tutuş ýurt bilen bir wagtda, Yslam respublikasynyň dürli ýurtlardaky wekilhanalarynda geçirildi we ahyrynda Masud Pezeşkiýan Jemi 30,530,157 sesden 16,384,403 ses aldy we Eýran halkynyň dokuzynjy prezidentiniň adyny aldy. Saýlawda reformaçy dalaşgär Töwrizli halk deputaty we ozalky Saglygy goraýyş ministri Masud Pezeşkiýan bilen konserwator dalaşgär Milli Howpsuzlyk geňeşiniň ozalky baş sekretary Said Jelili bäsleşdi.
Eýranyň demirgazyk-günbataryndaky dikuçar heläkçiliginde merhum prezident Seýid Ebrahim Raisiniň we bir topar ýoldaşynyň şehit bolmagy sebäpli bir ýyl öňünden geçirilen bu saýlawda takmynan 61 million 500 müň adam ses bermäge hukugy bardy.
Yslam rewolýusiýasynyň ýokary derejeli lideri, 14-nji prezident saýlawynda eýran halkynyň mähirli we joşgunly suratda huzurly bolmagyny ajaýyp we ýatdan çykmajak waka hasapladylar.
Yslam rewolýusiýasynyň Ýolbaşçysynyň edarasynyň maglumat bazasyna görä; Yslam rewolýusiýasynyň ýokary derejeli lideri Hezretleri Aýatolla Hameneýi, 14-nji prezident saýlawy mynasybetli eden ýüzlenmesinde Eýran halkyny we saýlanan prezidenti gutlap: Eýran halkynyň duşmanlarynyň umytsyzlyga we petiklemek üçin başlan saýlawlary boýkot etmek baradaky döredilen bulagaýlyga garşy bu beýik hereketi ajaýyp we ýatdan çykmajak iş hasapladylar.
Aýatolla Hameneýi Hezretleri şeýle hem, Hormatly we gadyrly adamlar, jogapkärçilik duýgusy bilen meýdana geldiler we mähirli we joşgunly sahna döretdiler we 55 milliondan gowrak ses bilen iki tapgyrda saýlaw fondlaryny ýygnadylar.
Eýran Yslam Rewolýusiýasynyň ýokary derejeli lideri şeýle-de saýlawlaryň bäsdeşlik häsiýetleriniň dostlukly kadalara öwrülmegi ýerliklidir we her kim ýurduň maddy we ruhy taýdan gülläp ösmegi üçin işlemelidir diýip beýan etdiler.
Eýranyň raýatlary 95 ýurtda gurlan saýlaw merkezlerinde ses berdiler.
Eýranda prezident 4 ýyl möhlet bilen iş alyp barar we yzly yzyna iki gezek bu wezipä saýlanyp biler.