Pezeşkianyň Paşinýan we Alyýew bilen telefon arkaly söhbetdeşligi
Eýranyň saýlanan prezidenti Ermenistanyň premýer-ministri we Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidenti bilen geçiren telefon söhbetdeşliginde ikitaraplaýyn gatnaşyklary ara alyp maslahatlaşdy.
Ermeni metbugatynyň döwlet habar gullugynyň habaryna görä; Ermenistan premýer-ministriniň metbugat sekretary Nazli Bagdasarian, Nikol Paşinýanyň bu telefon jaňynda, Masud Pezeşkianyň Eýranyň prezident saýlawynda ýeňşini gutlap, iki hökümetiň ozalky şertnamalaryna ygrarlydygyny aýtdy we gysga wagtda biri-biri bilen duşuşmak we ähli taraplaýyn hyzmatdaşlyk barada gürleşmek barada ylalaşyga gelindi diýdi.
Azartaj döwlet habar gullugy hem Azerbaýjan Respublikasynyň prezidenti Ilham Alyýewiň Eýranyň saýlanan prezidenti bilen telefon arkaly söhbetdeşlikde Eýran Yslam Respublikasynyň prezidenti wezipesine saýlanmagy bilen ýene-de bir gezek gutlandygyny we üstünlik arzuw edýändigini habar berdi.
Azartajyň ýazmagyna görä, Pezeşkian Aliýewiň gutlag hatyna minnetdarlyk bildirip, iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklary ösdürmek üçin ähli tagallalary gaýgyrmajakdyklaryny aýtdy.
Şeýle hem, bu telefon söhbetdeşliginde taraplar Tähran bilen Bakuwyň arasyndaky umumy dini-medeni köklere we dostluga we doganlyga esaslanýan gatnaşyklaryň giňelmegine dowam edýändiklerine ynam bildirdiler we Eýran bilen Azerbaýjan Respublikasynyň arasyndaky hyzmatdaşlyk dürli ugurlarda ösdüriler diýdiler.
Şeýle hem, Azerbaýjanyň döwlet metbugatynyň habaryna görä, Alyýew Pezeşkiany ýene bir gezek Azerbaýjan Respublikasyna baryp görmäge çagyrdy, Eýranyň saýlanan prezidenti hem kabul etdi beýleki tarapdan Pezeşkian Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidentini Eýran Yslam Respublikasyna resmi sapara çagyrdy, Aliýew hem kabul etdi.