Eýranyň sebitdäki parahatçylyk we howpsuzlyk ugrunda hyzmatdaşlyga taýynlygy
(last modified Sat, 20 Jul 2024 07:40:25 GMT )
Jul 20, 2024 12:40 Asia/Ashgabat
  • Eýranyň sebitdäki parahatçylyk we howpsuzlyk ugrunda hyzmatdaşlyga taýynlygy

Eýran Yslam Respublikasynyň Birleşen Milletler Guramasyndaky hemişelik wekili, Eýranyň Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasynyň we Birleşen Milletler Guramasynyň çäginde derwaýys kynçylyklary çözmek we sebitde parahatçylygy we howpsuzlygy ösdürmek üçin hyzmatdaşlyga taýýardygyny aýtdy.

Mehr habar gullugynyň habaryna görä; Eýran Yslam Respublikasynyň Birleşen Milletler Guramasyndaky ilçisi we hemişelik wekili "Amir Said Irwani", bu halkara guramanyň Howpsuzlyk Geňeşiniň mejlisinde "Birleşen Milletler Guramasynyň sebit we sebitara guramalar bilen parahatçylyk we howpsuzlyk barada hyzmatdaşlygy dowam etdirmegi, terrorçylyk howplaryna garşy Kollektiwleýin Howpsuzlyk Şertnamasy Guramasynyň, Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň we Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasynyň roly " barada beren gürrüňlerinde Owganystandaky kynçylyklary göz öňünde tutup, Eýran bu guramalaryň arasyndaky hyzmatdaşlygyň güýçlendirmeginiň Owganystandaky durnuklylygy we ösüşi güýçlendirmek üçin möhüm ukybynyň bardygyna ynanýar diýdi.

Irwani sözüniň dowamynda: Has çylşyrymly global gurşawda halkara parahatçylygy we howpsuzlygy goramak milli, sebit we halkara derejesinde utgaşdyrylan jogaplary talap edýär we Birleşen Milletler Guramasy bilen sebit guramalarynyň arasyndaky hyzmatdaşlygy güýçlendirmek öňküsinden has möhümdir diýip  beýan etdi.

Eýran Yslam Respublikasynyň Birleşen Milletler Guramasyndaky hemişelik wekili, bu meselä düşünip, Eýran Yslam Respublikasy, sebitdäki parahatçylygy we durnuklylygy pugtalandyrmakda we bu guramalaryň arasyndaky konstruktiw hyzmatdaşlygy goldamakda Kollektiwleýin Howpsuzlyk Şertnamasy Guramasynyň, Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasynyň we Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň roluna ýokary baha berýändigini aýtmak bilen global howplara we kynçylyklara garşy göreşmekde köptaraplaýynlygyň ähmiýetiniň gaty uludygyna ynanýar diýdi.