Eýran palestinalylara halkara derejesinde goldawyň berilmegini isledi
(last modified Mon, 22 Jul 2024 07:26:16 GMT )
Jul 22, 2024 12:26 Asia/Ashgabat
  • Eýran palestinalylara halkara derejesinde goldawyň berilmegini isledi

Eýranyň Daşary işler ministrliginiň metbugat sekretary, sionist režime garşy Palestina halkyna global goldawyny nygtady.

IRNA-nyň duşenbe güni beren habaryna görä, Eýran Yslam Respublikasynyň Daşary işler ministrliginiň metbugat sekretary "Naser Kanani Çafi" internet ulgamynda şahsy sahypasynda Sionistleriň palestinalylara garşy eden jenaýatlarynyň artmagy bilen, dünýä halklarynyň palestinalylara berýän goldawy we Ysraýylyň aparteid režimine umumy ýigrenji artar diýip ýazdy.

Kanani Çafi şeýle-de hormatly Ýemenliler, sionist režimiň Gazadaky jenaýatlaryny başyrmak we ezilen Palestina halkynyň goldawynyň öňüni almak üçin sebitde we dünýäde gorky döretmek üçin erbet güýçleriň utandyryjy tagallalarynyň başa barmandygyny ýene bir gezek görkezdiler diýdi.

Palestinanyň Saglygy goraýyş ministrligi, Sionist režimiň Gaza zolagynda eden jenaýatlarynda şehit bolanlaryň we ýaralananlaryň soňky statistikasyny yglan edip Sionist režimiň Gaza zolagyna hüjümleri başlaly bäri bu sebitde 38 983 palestina raýaty şehit bolandygyny we 89,727 adam ýaralanandygyny habar berdi.