Ýadro energiýasy gullugynyň baş müdiri, Eýranyň saýlanan prezidentini gutlady
Halkara Atom Energiýasy Guramasynyň baş müdiri, Eýranyň saýlanan prezidentiniň wekili hökmünde "Masud Pezeşkiana" gutlag hatyny iberip, özi bilen duşuşmaga taýýardygyny aýtdy.
IRNA habar gullugynyň habaryna görä, "Rafael Grossi" Masud Pezeşkiana gutlag ýüzlenmesinde şeýle diýdi: Eýrana gysga wagtda sapar etmäge we Eýranyň saýlanan prezidenti bilen duşuşmaga we gürleşmäge taýýar.
Halkara Atom Energiýasy Guramasynyň Baş müdiri, Halkara Atom Energiýasy Guramasy bilen Eýranyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň uzak wagt bäri halkara üns merkezinde bolandygyny aýtmak bilen bilelikde işlemek arkaly bu möhüm meselede aýgytly öňegidişlige ýetip boljakdygyna ynanýaryn diýdi.
Halkara Atom Energiýasy Guramasynyň baş müdiri mundan ozal diplomatiýa dolanmalydygyna ynanýaryn diýip aýdypdy. Ol şeýle-de bizde durmuşa geçirilmeli giňişleýin bilelikdäki hereket meýilnamamyz (ýadro ylalaşygy) bar diýip nygtapdy.