Eýranyň Liwandaky ilçisi: Yslam respublikasy sebitdäki parahatçylygy we durnuklylygy elmydama goldaýar
Eýran Yslam Respublikasynyň Liwandaky ilçisi Eýran Yslam Respublikasynyň söweş gözlemeýändigini we sebitdäki parahatçylygy we durnuklylygy elmydama goldaýandygyny aýtdy.
IRNA habar gullugynyň habaryna görä, Eýran Yslam Respublikasynyň Liwandaky ilçisi Mojtaba Amani şenbe güni agşam Sionist re`imeiň Liwana garşy abanýan howpuna jogap edip, Eýran uruş gözlemeýär, emma Yslam respublikasy sebitdäki dartgynlygy we konfliktleri azaltmaga hemişe synanyşýar diýdi.
Amani şeýle-de Eýran Yslam Respublikasynyň uruşdan gorkmaýandygyny we duşmanlaryň Yslam Respublikasynyň bar bolan güýjüni we ygtyýaryny we garşylyklara garşy goranyşy göz öňünde tutup näme edip biljekdigini göz öňüne getirmelidigini aýtdy.
Şenbe güni agşam, basyp alnan Golanyň "Majdal Şams" sebiti raketa hüjümine sezewar bolup, azyndan 11 adamyň ölmegine we 40 adamyň ýaralanmagyna sebäp boldy.
Bu hereketden soň, sionist režimi Liwanyň Hizbullahyny bu hüjüme dahyllylykda aýyplady we sionist liderler Liwana haýbat atdylar we Hizbullaha gyssagly jogap berilmelidigini habar berdiler.
Liwanyň Yslam garşylygy öz beýanynda Liwanyň Yslam garşylygynyň Majdal Şamsyň raketa hüjümi bilen hiç hili baglanyşygynyň ýokdugyny mälim etdi.