Jul 30, 2024 15:24 Asia/Ashgabat
  • Ynkylabyň ýokary derejeli lideri, pars dilini gorap saklamak we giňeltmek üçin Eýran bilen Täjigistanyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň zerurdygyny nygtadylar

Yslam rewolýusiýasynyň ýokary lideri, pars dilini gorap saklamak we giňeltmek üçin Eýran bilen Täjigistanyň arasynda hyzmatdaşlygyň zerurdygyny aýtdylar.

Yslam rewolýusiýasynyň Ýokary lideriniň edarasynyň maglumat bazasyna görä, Yslam rewolýusiýasynyň ýokary derejeli lideri Hezretleri Aýatolla Hameneýi şu gün (sişenbe) Täjigistan Respublikasynyň prezidenti Emomali Rahman we ýanyndaky delegasiýa bilen duşuşanda, Eýran Yslam Respublikasynyň sebitiň ýurtlary, esasanam şol bir dilde gürleýän we umumy medeniýeti, taryhy we dini bolan ýurtlar bilen gatnaşyklary giňeltmekde esasy syýasaty we ileri tutulýan ugurlary hasaplamak bilen öňküler ýaly Eýran Yslam Respublikasynyň Täjigistan bilen dürli ugurlarda tüýs ýürekden hyzmatdaşlyga taýyndygyny aýtdylar.

Yslam Rewolýusiýasynyň Ýolbaşçysy, Täjigistanyň Prezidentiniň Tährana eden saparyna ýokary baha berip, iki ýurduň resmileriniň saparyny hyzmatdaşlygy giňeltmegiň esasy diýip atlandyrmak bilen Pars dili Eýranyň, Täjigistanyň we Owganystanyň möhüm umumylyklaryndan biridir we bu dili gorap saklamak we giňeltmek we käbir izolýasiýa synanyşyklarynyň öňüni almak üçin has köp hyzmatdaşlyk edilmelidir diýip beýan etdiler.

Aýatolla Hameneýi Täjigistanyň prezidentiniň pars dilini ýaýratmak baradaky hereketlerine ýokary baha bermek bilen gadymy pars ýazuwynyň Täjigistanda hem wagyz edilmegine umyt bildirdiler.

Yslam rewolýusiýasynyň ýokary lideri sözüniň dowamynda Eýran-Täjigistan gatnaşyklarynyň giňelmeginde garşydaşlary bardyr, olar bilen garşylaşmak üçin meýilna gerekdir diýip nygtadylar.

"Emomali Rahman" Yslam RewolýusiýasynyňÝolbaşçysy bilen duşuşmakdan hoşaldygyny aýtmak bilen we Eýran Respublikasynyň Prezidenti "Masud Pezeşkian" bilen gepleşiklerine yşarat edip, alyhezretiňiziň birnäçe ýyl ozal aýdyşy ýaly iki ýurt garyndaşdyr we Täjigistan gatnaşyklary giňeltmek we Eýran Yslam Respublikasynyň tejribelerini we ösüşlerini ylym, saglyk we senagat pudaklarynda ulanmak isleýär diýdi.

Tags