Aug 05, 2024 12:25 Asia/Ashgabat
  • Eýran, sionist režiminiň agressiw hereketlerinden goranmak üçin kanuny hukugyndan peýdalanar

Eýranyň Daşary işler ministriniň wezipesini wagtlaýyn ýerine ýetiriji, Eýran Yslam Respublikasynyň, Sionist režimiň agressiw hereketlerinden goranmak maksady bilen öz howpsuzlygyny, özygtyýarlylygyny we territorial bitewiligini goramak üçin kanuny we mahsus hukugyny şübhesiz ulanjakdygyny aýtdy.

IRNA habar gullugynyň habaryna görä, Eýranyň Daşary işler ministriniň wezipesini wagtlaýyn ýerine ýetiriji "Ali Bageri Kani", Sloweniýanyň daşary işler ministri "Tania Faýon" bilen telefon arkaly söhbetdeşlikde Sionist režiminiň agressiýasynyň dowam etmegi barada beren gürrüňlerinde, Ysraýyl režiminiň Gaza zolagynda goragsyz palestina halkyna garşy söweşinden üç ýüz gün geçýän ýagdaýynda, ýeňilen sionistler aýal-gyzlary, çagalary we goragsyz adamlary we raýat ýerlerini öldürmek üçin iň ösen harby enjamlaryny ulanýarlar diýdi.

Eýranyň Daşary işler ministriniň wezipesini wagtlaýyn ýerine ýetiriji sionistleriň Ýemen, Liwan ýaly beýleki ýurtlarda we ýakynda Eýranda terrorçylyk hereketlerini dowam etdirýändigini aýtmak bilen, Eýran Yslam Respublikasy Ýewropa taraplaryň dymmagy we BMG Howpsuzlyk Geňeşinde Tähranda, Ýemende we Liwanda sionist režimiň agressiýasyna garşy ýekeje beýannama berilmegine rugsat berilmezliginden geň galýar diýdi.

Sloweniýanyň Daşary işler ministri Tania Faýon hem Eýran Yslam Respublikasynyň özüni kanuny goramak hukugyny nygtamak bilen, Sloweniýa halkara hukugynyň islendik bozulmagyny ýazgarýar we ähli taraplaryň paýhas we taktika bilen çäklendirmäni saklamak arkaly sebitde durnuklylygy üpjün etmek üçin çäreleri görjekdigine umyt baglaýar diýdi.

Sloweniýanyň Daşary işler ministri Eýran Yslam Respublikasynyň sebitdäki durnuklylykda we howpsuzlykda tutýan ornunyň möhümdigini, şeýle hem Sloweniýanyň palestina halkynyň çekýän jebir-jepalaryny inkär etmeýändigini we ylalaşyga laýyklykda  belli bir tertipde ýaraşyk döretmek isleýändigini aýtdy.

Ol şeýle hem Eýran Yslam Respublikasyny möhüm rol oýnap bilýän sebitde örän möhüm aktýor hasaplady.

Tags