Aug 13, 2024 12:14 Asia/Ashgabat
  • Eýranyň Birleşen Milletler Guramasyndaky ilçisi: Amerika terrorçylygyň esasy goldawçysy we tarapdarydyr

Eýranyň BMG-däki ilçisi we hemişelik wekili Amerikanyň sebitde we dünýäde terrorçylygy goldaýan esasy goldawçy ýurtdygyny aýtdy.

IRNA habar gullugynyň habaryna görä, Eýranyň Birleşen Milletler Guramasyndaky ilçisi we hemişelik wekili "Amir Said Irwani", Howpsuzlyk Geňeşiniň prezidentine we Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretaryna ABŞ-nyň sebitdäki terrorçylygy goldamak barada Eýran Yslam Respublikasyna garşy aýyplamalary hakda ýazan hatynda, Amerikanyň Eýran Yslam Respublikasyny bir ýagdaýda aýyplaýar welin şol bir wagtyň özünde Ysraýyl režiminiň genosidini goldaýar bu bolsa gülkünç we utandyryjydyr diýdi.

Irwani esassyz aýyplamalary ret etmek we Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Birleşen Milletler Guramasyndaky wekiliniň jogapkärçiliksiz hereketini ýazgarmak bilen, Sionistlere Amerikanyň ýarag kömeginiň Palestinanyň bigünä halkyny, şol sanda çagalary we aýallary terror etmegi we öldürmegi dowam etdirmegi üçin ýatlap, Ysraýyl režiminiň 2024-nji ýylyň 10-njy awgustynda, Gaza şäheriniň merkezindäki "Al-Tabein" mekdebinde öýsüz-öwzarsyz ilata garşy eden soňky jenaýaty, çagalar we aýallar bilen birlikde azyndan 100 bigünä palestinalynyň şehit bolmagyna sebäp boldy bu bolsa Amerikanyň bu jenaýatçy režime goldawynyň netijesidir diýip mälim etdi.

Eýranyň Birleşen Milletler Guramasyndaky wekili, Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Siriýa Arap respublikasynyň basyp alan ýerlerinde Jabhat al-Nusra ýaly Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan sanawda görkezilen terrorçylyk toparlaryny goldaýandygyny bu bolsa Birleşen Milletler Guramasynyň Hartiýasynyň, halkara hukugynyň we Howpsuzlyk Geňeşiniň kararlarynyň aç-açan bozulmagy höküminde bolýandygyny aýtdy.

Tags