Aug 17, 2024 13:01 Asia/Ashgabat
  • Bagheri: Amerika bitarap araçy däl-de, sionistleriň şärigi

Eýran Yslam Respublikasynyň Daşary işler ministriniň wezipesini wagtlaýyn ýerine ýetirijisi Sionistleri söweş ýaraglaryny üpjün edýän Amerika bitarap araçy däl-de, olaryň şärigidir diýdi.

Eýran Press habar gullugynyň habaryna görä, Eýranyň Daşary işler ministriniň wezipesini wagtlaýyn ýerine ýetiriji "Ali Bagheri" Kataryň premýer-ministri we Daşary işler ministri "Muhammet bin Abdulrahman Al Tani" bilen telefon arkaly söhbetdeşliginde Dohadaky Gazanyň ýaraşyk gepleşiklerine yşarat edip Tel Awiwiň gepleşik stolundaky erbet niýeti barada duýduryş berdi.

Bagheri bu telefon söhbetdeşliginde sionist hüjümçileri Gazadaky öldürmeleri we jenaýatlary bes etmäge mejbur etmek üçin ähli mümkinçiliklerden peýdalanmaga ünsi çekdi.

Penşenbe güni agşam Kataryň Daşary işler ministri bilen telefon arkaly söhbetdeşlikde Eýranyň Daşary işler ministriniň wezipesini wagtlaýyn ýerine ýetiriji Gazadaky sionistleriň genosidini duruzmak üçin giňişleýin tagallalaryň we amaly çäreleriň, şol sanda diplomatik işleriň dowam etdirilmeginiň zerurdygyny aýtdy.

Katar, Müsür we ABŞ ýurtlary, Gaza zolagynda atyşygy bes etmek gepleşikleriniň araçylary hökmünde Doha şäherinde bu zolakda ot açyşlygy bes etmek barada ylalaşyk gazanmak maksady bilen gepleşik geçirdiler, ýöne şowsuz boldy.

Tags