Eýran Günbatar Aziýa sebitinde dartgynlygyň güýçlenmezligini nygtady
Eýranyň Daşary işler ministri Günbatar Aziýa sebitindäki dartgynlygyň güýçlenmezligini we sionist režimiň Gaza zolagyna edýän hüjümleriniň bes edilmegini nygtady.
IRNA habar gullugynyň habaryna görä, Eýranyň Daşary işler ministri Seýid Abbas Aragçi çarşenbe güni gije Niderlandlaryň Daşary işler ministri Kasper Weldkamp bilen telefon arkaly söhbetdeşlikde Günbatar Aziýa sebitindäki dartgynlygyň güýçlenmezligini nygtamak bilen Sionist režimiň nesil gyrgynçylygy we zorlugy sebitdäki dartgynlygy we zorlugy artdyrdy diýdi.
Sionist režimiň goşunynyň 2023-nji ýylyň 7-nji oktýabryndan bäri Gaza zolagyna eden hüjümlerinde 40 müň 476 palestinaly şehit boldy, 93 müň 647 adam ýaralandy.
Eýranyň Daşary işler ministri şeýle hem Tähran bilen Amsterdamyň arasyndaky özara hormata esaslanýan gatnaşyklaryň ösdürilmegine-de ünsi çekdi.
Niderlandlaryň Daşary işler ministri "Kasper Weldkamp" hem Aragçini Eýranyň Daşary işler ministriniň bellenmegi bilen gutlap, Günbatar Aziýa sebitinde barha artýan krizisiň Amsterdamy aladalandyrýandygyny ýatlatdy we Sionist režimiň Gaza zolagyna edýän hüjümini bes etmelidigini aýtdy.
Niderlandlaryň Daşary işler ministri Günbatar Aziýa sebitindäki zorluk we dartgynlyk sikliniň bes ediljekdigine we ynsanperwer kömegini ibermek we palestina halkynyň görgülerini bes etmek mümkinçiliginiň beriljekdigine umyt bildirdi.
Eýranyň we Niderlandlaryň daşary işler ministrleri şeýle hem Eýrana garşy sanksiýalaryň ýatyrylmagy, konsullyk meseleleri we Ukrainadaky krizis ýaly käbir gyzykly meseleler boýunça pikir alyşdylar.