Daşary işler ministri: Eýran, Palestina halkynyň isleýän şertnamasyny goldaýar
Eýranyň Daşary işler ministri, Eýran Yslam Respublikasynyň Palestina halkyny[ tarapyndan islenýän şertnamany we garşylygyny goldaýandygyny aýtdy.
IRIB habar gullugynyň habaryna görä, Eýranyň Daşary işler ministri Seýid Abbas Aragçi Iordaniýanyň premýer-ministriniň orunbasary we Daşary işler ministri Aýman Safadi bilen telefon arkaly geciren söhbetdeşlikde Sionist re`imiň, jenaýatçylykly hereketlerini dowam etdirmek bilen sebitdäki dartgynlygyň we dawa-jenjeliň ýaýramagynyň esasy sebäbidigini aýtmak bilen Ysraýyly Gaza zolagyna garşy söweşi bes etmek barada ylalaşyk gazanmak üçin iň uly päsgelçilik hasaplady \eýle hem, halkara jemgyýetçiliginiň sionist genosidini duruzmak we palestinalylara ynsanperwerlik kömegini ibermek ugrundaky täsirli işine ünsi çekdi.
Aragçi, şeýle hem Eýran Yslam Respublikasynyň Iordaniýa bilen ikitaraplaýyn gatnaşyklar we sebitleýin we halkara meseleler boýunça konstruktiw gepleşiklere taýýardygyny aýtdy.
Iordaniýanyň Daşary işler ministri hem Gaza zolagyndaky gumanitar ýagdaý we Iordan derýasynyň günbatar kenaryndaky dartgynlylygyň ýaýramagyndan alada bildirdi we sebitdäki dartgynlygy gysga wagtda bes etmegiň zerurdygyny aýtdy.
Eýranyň we Iordaniýanyň daşary işler ministrleri şeýle hem iki ýurduň arasyndaky özara bähbitlere laýyklykda geňeşmeleriň dowam etdirilmegini nygtap, ikitaraplaýyn gatnaşyklar we iň möhüm sebit we halkara meseleler barada pikir alyşdylar.