Sep 05, 2024 10:29 Asia/Ashgabat
  • Eýran we Saud Arabystany Tähran-Riýad gatnaşyklarynyň ösmegini ileri tutýarlar

Eýran Yslam Respublikasynyň Riýaddaky ilçisi, ikitaraplaýyn gatnaşyklary ösdürmek we giňeltmek üçin Eýran bilen Saud Arabystanyny garşylaýandygyny aýtdy.

Eýran we Saud Arabystany, 2023-nji ýylyň 10-njy martynda iki ýyldan gowrak dowam eden gepleşiklerden we çekişmelerden soň we Hytaýyň paýtagty Pekinde iki ýurduň milli howpsuzlyk edaralarynyň işgärleriniň arasynda birnäçe gün dowam eden duşuşyklardan we çekişmelerden soň gatnaşyklary kadalaşdyrmak üçin Tähran bilen Riýadyň arasyndaky ylalaşyk bolanlygyny yglan etdiler.

Iki ýurt 2016-njy ýyldan bäri diplomatik gatnaşyklaryny kesipdi.

şu habar bilen baglanşykly we IRNA habar gullugynyň habaryna görä; Eýran Yslam Respublikasynyň Riýaddaky ilçisi Alireza Enaýati, Eýranyň öňki prezidenti Şehit Seýid Ebrahim Raisiniň Palestina goldaw sammitine gatnaşmak üçin Saud Arabystanyna eden saparynyň  we iki ýurduň ilçileriniň bir ýyl bäri  bolmagyny görkezýän wideosyny neşir etmek bilen şeýle ýazdy: Tähran-Riýad gatnaşyklary iki ýurduň ýolbaşçylarynyň ýagty geljegi gurmak isleginde iň ýokary derejä ýeter.

 

Tags