Sep 06, 2024 12:48 Asia/Ashgabat
  • ikitaraplaýyn gatnaşyklary giňeltmek; Eýranyň we Bahreýniň daşary işler ministrleriniň arasyndaky söhbetdeşligiň esasy maksady

Eýran Yslam Respublikasynyň we Bahreýniň daşary işler ministrleri iki ýurduň arasyndaky gepleşikleriň dowam etdirilmegine we baglaşylan şertnamalaryň çäginde pikir alyşmaga ünsi çekdiler.

IRNA habar gullugynyň habaryna görä; Bahreýniň Daşary işler ministri Abdul Latif bin Raşid Al-Ziani telefon arkaly geçirilen söhbetdeşlikde Eýranyň Daşary işler ministri Seýid Abbas Aragçini Eýranyň daşary işler ministri wezipesine saýlanmagy bilen gutlady.

Bahreýniň Daşary işler ministri Eýran bilen ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň ähmiýetine ünsi çekip, Tähran bilen Manamanyň arasyndaky bilelikdäki syýasy gepleşikleriň täze döwürde ösdüriljekdigine umyt bildirdi.

Eýranyň Daşary işler ministri, Bahreýn kärdeşiniň telefon söhbetdeşligi we gutlaglary, şeýle hem Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidentiniň kasam kabul ediş dabarasyna gatnaşandygy üçin minnetdarlygyny bildirdi, we goňşuçylyk syýasaty Eýran Yslam Respublikasynyň döwletiniň möhüm ileri tutulýan ugurlaryndan biridir hasaplady.

Iki tarap şeýle hem baglaşylan şertnamalaryň çäginde gepleşikleriň dowam etdirilmegine we pikir alyşmagyna ünsi çekdiler.

Tags