Eýranyň Daşary işler ministri: Ýagdaý Yrak bilen gatnaşyklary giňeltmäge taýýar
(last modified Mon, 16 Sep 2024 07:56:20 GMT )
Sep 16, 2024 12:56 Asia/Ashgabat
  • Eýranyň Daşary işler ministri: Ýagdaý Yrak bilen gatnaşyklary giňeltmäge taýýar

Eýran Yslam Respublikasynyň Daşary işler ministri ýagdaýyň we atmosferanyň Yrak bilen gatnaşyklary giňeltmäge taýýardygyny, we Eýranyň prezidentiniň Bagdada eden soňky sapary Yrak bilen gatnaşyklaryň täze bölümini döredendigini aýtdy.

Iran Press habar gullugynyň habaryna görä; Eýranyň Daşary işler ministri Seýid Abbas Aragçi ýekşenbe güni agşam Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidentiniň Yraga eden saparynyň üstünliklerine bagyşlanan ýörite söhbetdeşlik programmasynda Yrak Kürdüstanynyň, Eýran bilen söwda gatnaşyklaryny giňeltmek üçin potensial sebitdir diýip beýan etdi.

Şeýle hem Aragçi Tähran bilen Bagdadyň arasyndaky howpsuzlyk şertnamasy barada şeýle diýdi: Eýran Yslam Respublikasyna, Yragyň Kürdüstan sebitiniň Eýranyň topragyna hiç hili howp salmajakdygyna ynandyryldy.

Eýranyň daşary işler ministri, Eýranyň Günbatar Aziýadaky garşylyk frontuny goldaýandygy barada hem gürrüň gozgap, Eýran Yslam Respublikasynyň döwletiniň daşary syýasaty garşylyk frontuna çäksiz goldaw we ony güýçlendirmekdir diýdi.

Eýranyň daşary işler ministri Yslam respublikasynyň Ýewropa bilen gatnaşyklary birek-birege hormat goýmak we Eýranyň bähbitlerini kepillendirmek esasynda täze nukdaýnazardan gözleýändigini aýtmak bilen, ege-de Ýewropa syýasatyny düzedip bilse, Eýranyň ileri tutýan meselesi bolmasa-da, olar bilen gatnaşyklarymyz bolup biler diýdi.

Seýid Abbas Aragçi Moskwa bilen Kiýewiň arasyndaky söweş barada-da beren gürrüňlerinde olar Ukraina meselesinde Eýranyň Russiýa ýarag ibermeginden alada galýarlar, ýöne şu gün Eýranyň Ýewropanyň talaplaryna görä ösen ýarag öndürip we eksport edip biljek derejä ýetendigi barada özlerinden soramaly, şonuň üçin sanksiýalar ýoly başa barmady we Ýewropa, aradaky problemalary we meseleleri çözmek üçin Eýran bilen ikitaraplaýyn we ýerlikli gepleşik stolunda bolmaly diýdi.

Soňda Eýranyň Daşary işler ministri ýakyn wagtda geçiriljek Amerikan saýlawlary we Eýranyň bu ýurda alyp barýan syýasatlary barada şeýle diýdi: Geçmişde Amerikan tarapy bilen aragatnaşyklar bolupdy we indi hem aragatnaşyklar bolar, Amerikada ýa-da Ýewropada kimiň bolmagy möhüm däl, ýöne Eýran Yslam Respublikasy öz bähbitlerine esaslanýar.

Tags