Sep 26, 2024 13:34 Asia/Ashgabat
  • Eýran Howpsuzlyk Geňeşinden Ysraýylyň Gaza we Liwana garşy agressiýasyna aýgytly jogap berilmegini isledi

Eýranyň Daşary işler ministri Birleşen Milletler Guramasynyň Howpsuzlyk Geňeşiniň mejlisinde Howpsuzlyk Geňeşiniň Ysraýyl režiminiň Gaza zolagyna we Liwana garşy eden hüjümlerine we jenaýatlaryna aýgytly jogap bermelidigini aýtdy.

IRNA habar gullugynyň habaryna görä, Eýranyň Daşary işler ministri Seýid Abbas Aragçi penşenbe güni irden Birleşen Milletler Guramasynyň Howpsuzlyk Geňeşiniň mejlisinde bu geňeşiň halkara parahatçylygy we howpsuzlygy üpjün etmek üçin kanuny jogapkärçiligi öz üstüne almalydygyny aýtmak bilen, eger-de bu bolmasa, sebite uruş we giň gerimli konfliktiň howpy abanýr diýdi.

Aragçi, Ysraýyl režiminiň tarapdarlarynyň, esasanam Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň we  Britaniýanyň, basyp alyjy Ysraýyl režiminiň giç bolmazdan dowam etdirýän agressiýasynyň öňüni almak üçin kanuny we ahlak jogapkärçiliginiň bardygyny aýtdy.

Eýranyň Daşary işler ministri basyp alan aparteid režiminiň jenaýatlarynyň we genosidleriniň jezasyz galmaly däldigini aýtmak bilen, sebäbi bu eldegrilmesizlik bu regžimi uruş jenaýatlaryny, adamzada garşy jenaýatlary we genosidi amala aşyrmagy dowam etdirdi diýdi.

Eýranyň diplomatik ulgamynyň başlygy, dünýäniň synlaýandygyny we taryhyň Howpsuzlyk Geňeşine şu günki edýän ýa-da etmeýän hereketlerine görä höküm çykarjakdygyny aýtdy.

Eýranyň diplomatik gullugynyň başlygy şeýle-de Ysraýylyň aparteid režiminiň basyp alnan Palestindäki wagşyçylyklaryny dowam etdirip, Liwana garşy adalatsyz we agressiw söweşi başlandygyny we serhetden we Liwanyň içindäki bigünä adamlary nyşana alýandygyny aýtdy.

Eýranyň Daşary işler ministri Birleşen Milletler Guramasynyň Howpsuzlyk Geňeşiniň prezidentine ýüzlenip, Gaza zolagynda palestina halkyna garşy dowam edýän genosid söweşi, Siriýa we Liwana garşy öňe sürülen agressiýa, Eýran Yslam Respublikasynyň diplomatik desgalaryna terrorçylykly hüjüm we Hamasyň syýasy ýolbaşçysynyň Tähranda öldürilmegi, bularyň hemmesi Ysraýyl režiminiň parahatçylyga we adam hukuklaryna ähmiýet bermeýän terror guramasy hökmünde hakyky tebigatyny görkezýär diýip sözlerine goşdy.

Tags