Eýranyň prezidenti: Sionist režimiň Beýrutyň Dahiýa sebitine eden hüjümi uruş jenaýatydyr
Eýran Yslam Respublikasynyň prezidenti, Sionist režimiň Beýrutdaky Dahiýa sebitine eden hüjümlerini aç-açan söweş jenaýaty hasaplady.
IRIB habar gullugynyň habaryna görä; Eýran Yslam Respublikasynyň prezidenti "Massud Pezeşkian" öz ýüzlenmesinde sionist režimiň Beýrutyň günortasyndaky Dahiýa sebitine eden hüjümlerini ýazgardy we olary bu režimiň döwlet terrorçylygynyň tebigatyny aç-açan görkezýän we basyryp bolmajak söweş jenaýaty hasaplady.
Masud Pezeşkian, Sionist režimiň Palestina we Liwan halkyna eden jenaýatlaryny halkara jemgyýetçiliginiň bu döwlet terrorçylygynyň enjamyny duruzmakda ejiz bolmagynyň nyşany hasaplady, şeýle hem sebitiň we dünýäniň parahatçylygyna we howpsuzlygyna iň uly howp diýip atlandyrdy.
Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti şeýle-de Eýran Yslam Respublikasy sionistleriň soňky eden jenaýatyny berk yzarlar we Liwan halky we garşylyk oky bilen bolar diýdi.
Eýranyň daşary işler ministri Seýid Abbas Aragçi hem, Sionist režimiň Liwana eden rehimsiz hüjümlerini ýazgaryp, Amerikanyň Beýrut jenaýatynda gatnaşmagyny ünsden düşürip bolmaz aýtdy.
Eýran Yslam Respublikasynyň Daşary işler ministri sözüniň dowamynda, Ysraýyl režmi Beýrutyň ýaşaýyş ýerlerine hüjüm etmek üçin Amerikanyň oňa sowgat beren birnäçe bombasyny ulandy diýdi.