Sep 28, 2024 16:15 Asia/Ashgabat
  • Ynkylabyň ýokary derejeli lideri: Ähli musulmanlar Liwan halky we buýsançly Hizbullah  bilen dursunlar

Yslam rewolýusiýasynyň ýokary lideri Liwanda bolup geçen soňky wakalara ähli musulmanlaryň Liwan halky we buýsançly Hizbullah bilen bilelikde durmagynyň zerurdygyny aýdyp basyp alyjy, zalym we erbet režime garşy durmagyna oňa kömek etmelidigini aýtdylar.

Ýolbaşçynyň edarasynyň maglumat bazasyna görä; Yslam rewolýusiýasynyň ýokary lideri Hezretleri Aýatolla Hameneýi Liwanda bolup geçen soňky wakalar barada beren habarynda, Liwanda goragsyz adamlaryň öldürilmegi sionist guduz itiň wagşylygyny ýene bir gezek görkezdi  beýleki bir tarapdan, basyp alyjy režimiň ýolbaşçylarynyň gysga we ejiz pikirlerini we samsyk syýasatyny subut etdi diýip beýan etdiler.

Yslam rewolýusiýasynyň ýokary lideri sözüniň dowamynda Sionist režimi dolandyrýan terrorçylyk topary Gazadaky bir ýyllyk jenaýat söweşinden sapak almadylar we aýallaryň, çagalaryň we parahat ilatyň köpçülikleýin öldürilmeginiň garşylyk guramasynyň güýjüne täsir edip bilmejekdigine düşünip bilmediler. Indi Liwanda-da şol bir samsyk syýasaty synap görýärler diýip açyklap geçdiler.

Hezretleri Aýatolla Hameneýi, sionist jenaýatçylaryň Liwanda Hizbullahyň güýçli gurluşygyna ep-esli zyýan ýetirip bilmejekdigini bilmelidigini aýtmak bilen, sebitiň ähli garşylyk güýçleri Hizbullah bilen bilelikde we ony goldaýar diýip bellediler.

Yslam rewolýusiýasynyň ýokary lideri şeýle-de, bu sebitiň ykbalynyň garşylyk güýçleri we buýsançly Hizbullah tarapyndan kesgitlenjekdigini ýatladyp, Hizbollah bu gün ylahy güýjüň kömegi bilen hüjümçi we erbet duşmany ökündirer diýip sözlerine goşdylar.

Tags