Galibaf: "Sadyk Wadasy 2" Ysraýylyň howpsuzlyk toslamasyny ýok etdi
(last modified Wed, 02 Oct 2024 08:53:12 GMT )
Oct 02, 2024 13:53 Asia/Ashgabat
  • Galibaf:

Eýranyň Yslam Şura Mejlisiniň başlygy “Sadyk Wadasy 2” operasiýasy amala aşyrylandan soň Ysraýyl özüni harby ugurda we metbugat söweşinde ýeňilen hökmünde görýär diýdi.

IRNA habar gullugynyň habaryna görä; Eýranyň Yslam Şura Mejlisiniň başlygy Muhammet Bager Galibaf çarşenbe güni mejlisiň açyk oturşygynda buýrugyndan ozal eden çykyşynda, Sionist  režimi, Eýranyň tarapyndan atylan köp raketalary bilen ýüzbe-ýüz boldy we özüniň guran howpsuzlyk gudratynyň hemmesiniň puçdygyny gördi we şonuň üçinem şu gün özüni harby ugurda  we metbugat söweşinde ýeňilen ýaly görýär diýdi.

Galibaf şeýle-de Eýran Sionist režiminiň bolup biläýjek däli bolmagy üçin özüni taýýarlady we bu režim tarapyndan hüjüm edilse, sionistler has güýç bilen dargamaga iteriler.

Eýranyň Yslam Şura Mejlisiniň başlygy şeýle hem Sadyk Wadasy 2 operasiýasynyň şowly bolmagynda Eýranyň harby serkerdeleriniň tagallalaryna we eýranly ýaşlaryň güýjüne bil baglamaga yşarat edip, dünýä, öz gözleri bilen, hyjuwly eýranly ýaşlaryň, ylahy däp-dessurlara ynanmagyň gapdalynda ýerleşdirilende, dünýäniň iň uly harby güýçlerinden has ýokarydygyny gördiler diýip beýan etdi.

Kanun çykaryjy güýjiň başlygy şeýle-de, Sionist režimiň tarapdary hökmünde Amerika, özüne zyýan bermezligi ýa-da eýesine çynlakaý kynçylyk döretmezligi üçin, guduz itiniň ýakasyny berkitmegi maslahat berýäris diýdi.