Aragçi: Eýran bilen ABŞ-nyň arasynda göni däl gepleşikler bes edildi
(last modified 2024-10-14T13:41:59+00:00 )
Oct 14, 2024 18:41 Asia/Ashgabat
  • Aragçi: Eýran bilen ABŞ-nyň arasynda göni däl gepleşikler bes edildi

- Eýran Yslam Respublikasynyň Daşary işler ministri sebitiň aýratyn şertleri sebäpli Eýran bilen ABŞ-nyň arasynda gytaklaýyn gepleşikleriň işiniň togtadylýandygyny habar berdi.

IRNA habar gullugynyň habaryna görä, Omanyň paýtagty Muskata baran Eýran Yslam Respublikasynyň Daşary işler ministri Seýid Abbas Aragçi şu gün (duşenbe) Eýran bilen ABŞ-nyň arasynda bu ýurt arkaly gytaklaýyn gepleşikler barada beren gürrüňlerinde, Oman sebitiň meselelerini çözmekde elmydama uly goşant goşdy we habar bermek ýa-da gepleşikler üçin esas döretmek üçin Eýran we ABŞ bilen oňyn rol oýnamaga synanyşdy diýdi.

Aragçi, Muskat etabynyň sebitiň aýratyn şertleri sebäpli häzirki wagtda togtadylýandygyny we häzirki krizisi ýeňip geçýänçäk bu gepleşikleriň sebäbini görmeýändigimizi aýtmak bilen, soň bolsa täzeden işe başlamalymy ýa-da ýokmy ýa-da bu gepleşikleriň nähili boljakdygyny çözeris diýdi.

Aragçi şeýle-de Amerikanyň we Ýewropa ýurtlarynyň we sebit ýurtlarynyň Eýranyň pozisiýasynyň nämedigini bilmelidigini aýtmak bilen, Eýranyň pozisiýasy düşnükli we uruş we konflikt islemeýändigimizi birnäçe gezek gaýtaladyk; Herçen munuň üçin doly taýyn bolsak-da, ýöne diplomatiýa işlemeli we munuň ýüze çykmagynyň öňüni almaly diýip pikir edýäris diýdi.

Tags