Eýranyň Kawkaz sebitine daşary ýurtlaryň gatyşmagyna garşylygy
Eýranyň Daşary işler ministri Azerbaýjan Respublikasynyň Wise-premýeriniň orunbasary bilen bolan duşuşygynda Tähranyň daşary ýurtlaryň Kawkaz sebtine goşulyşmagyna garşydygyny yglan etdi we sebitdäki ýurtlaryň mümkinçiliklerini şol sanda 3 + 3 maslahat beriş mehanizmi ulanmagyň zerurdygyny aýtdy.
Günorta Kawkazyň strategiki pozisiýasy goňşular we sebitden daşary ýurtlar üçin möhüm ähmiýete eýedir. Ikinji Garabag söweşinden soň Ermenistan bilen Azerbaýjan Respublikasynyň arasyndaky iki ýurduň arasyndaky konflikti çözmek üçin köp çözgüt teklip edildi emma sebitdäki ýurtlar, şol sanda Eýran sebitleýin hyzmatdaşlyga we bu meseläni sebitleýin gatnaşyjylaryň roly bilen çözmäge ünsi çekýärler.
Günorta Kawkaz sebitiniň möhüm goňşularyndan biri hökmünde Eýran Yslam Respublikasy üçin ähmiýeti, meseläni sebit mehanizmleri görnüşinde alyp barmaga synanyşýar. Şunuň bilen baglylykda, Günorta Kawkazdaky uzak möhletli konflikti çözmek üçin meseläni 3 + 3 mehanizmi, ýagny sebitdäki ýurtlaryň gatnaşmagynda Russiýa, Eýran we Türkiýe, şeýle hem Azerbaýjan, Ermenistan we Gürjüstan arkaly çözmäge ünsi çekdi.
IRNA habar gullugynyň habaryna görä, Eýranyň Daşary işler ministri Seýid Abbas Aragçi düýn Tähranda Azerbaýjan Respublikasynyň Wise-premýeriniň orunbasary Şahin Mustafaýew bilen bolan duşuşygynda sebit ýurtlarynyň gepleşikler arkaly meseleleri çözmek we parahatçylyk şertnamasyny baglaşmak baradaky kararyna oňyn baha berdi we bu ugurda kömek bermäge taýýardygyny mälim etdi.
Eýranyň Daşary işler ministri Azerbaýjan Respublikasynyň Eýran Yslam Respublikasynyň daşary syýasatynda ähmiýetine ünsi çekip, iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklaryň hasam giňeljekdigine umyt bildirdi.
Bu duşuşykda Azerbaýjan Respublikasynyň Wise-premýeriniň orunbasary Kawkaz sebitinde bolup geçen wakalar barada hasabat hödürledi we Bakuwyň sebitde parahatçylygy ornaşdyrmak meselesine ünsi çekmek bilen, Azerbaýjan respublikasy öz çäginden goňşularyna hüjüm etmäge asla ýol bermez diýip aýtdy.
Şahin Mustafaýew Eýran Yslam Respublikasynyň ýolbaşçylary bilen peýdaly we döredijilikli duşuşyklara we gepleşiklere salgylanyp, Tährana eden saparyny, ýurdunyň Eýran bilen gatnaşyklary ösdürmek ugrundaky tagallalarynyň görkezijisi hasaplady.