Eýran, Türkiýänyň Aerokosmos Guramasynyň baş edarasyna edilen terrorçylykly hüjümi ýazgardy
Eýranyň Daşary işler ministrliginiň metbugat sekretary, Türk Aerokosmos Guramasynyň (TOSAŞ) Ankaradaky baş edarasyna edilen terrorçylykly hüjümi berk ýazgardy.
Düýn (çarşenbe) Türkiýäniň Içeri işler ministrligi bu ýurduň Ankaradaky howa giňişligi senagaty kompaniýasyna terrorçylykly hüjümi yglan etdi. Bu hüjümde üç adam ölüp, 14 adam ýaralandy. Iki hüjümçi hem türk howpsuzlyk güýçleri bilen bolan çaknyşykdan soň öldürildi.
"Mehr" habar gullugynyň habaryna görä, Eýran Yslam Respublikasynyň Daşary işler ministrliginiň metbugat sekretary Ismail Bagaýi, Ankaradaky Türk Aerokosmos Guramasynyň (TOSAŞ) baş edarasyna edilen terrorçylykly hüjümi berk ýazgardy.
Eýranyň Daşary işler ministrliginiň metbugat sekretary, bu terror wakasy üçin ölenleriň maşgalalaryna, turk halkyna we dostlukly we goňşy hökümete gynanç bildirip, terrorçylygy ähli görnüşlerinde ýazgardy.
Eýranyň diplomatik ulgamynyň metbugat sekretary, şeýle hem Eýran Yslam Respublikasynyň beýleki ýurtlar, esasanam goňşy ýurtlar bilen terrorçylyga garşy göreşmäge taýýardygyny aýtdy.