Bagaýi: Sionist režimi "UNRWA" -nyň Palestindäki işini düýbünden togtatmak isleýär
(last modified Wed, 30 Oct 2024 15:53:06 GMT )
Oct 30, 2024 20:53 Asia/Ashgabat
  • Bagaýi: Sionist režimi

Eýranyň Daşary işler ministrliginiň metbugat sekretary basyp alyjy Sionist režimi Birleşen Milletler Guramasynyň palestinaly bosgunlar üçin kömek we iş üpjünçiligi gullugynyň işini doly togtatmak isleýär diýdi.

Sionist režimiň mejlisi (Knesset) duşenbe güni Birleşen Milletler Guramasynyň Palestina bosgunlaryna kömek we iş gullugy (UNRWA) tarapyndan palestinalylara kömek berilmegi gadagan edýän kanun taslamasyny kabul etdi. Başga bir kanun taslamasy hem kabul edildi, oňa laýyklykda Ysraýyl UNRWA bilen ähli gatnaşyklaryny we hyzmatdaşlygyny kesýär.

IRNA-nyň habaryna görä, Eýran Yslam Respublikasynyň Daşary işler ministrliginiň metbugat sekretary Ysmaýyl Bagaýi X sosial ulgamdaky şahsy sahypasynda dünýä Birleşen Milletler Guramasynyň Palestina bosgunlary üçin kömek we iş gullugynyň (UNRWA) sionist režimi tarapyndan doly ýok edilmeginiň we palestinaly bosgunlaryň iň esasy adam hukuklaryndan mahrum edilmeginiň öňüni almalydyr diýip açyklap aýtdy.

Eýranyň Daşary işler ministrliginiň metbugat sekretary, Birleşen Milletler Guramasynyň Palestina bosgunlary üçin kömek we iş gullugynyň 230-dan gowrak işgäriniň sionist goşun tarapyndan öldürilendigini aýtmak bilen, bu genosid we çagalary öldürýän režim bu guramanyň Palestindäki işini düýbünden togtatmaga synanyşýar diýip yglan etdi.

Tags