Bagaýi: Kubany Amerikanyň garşysynda kanuny göreşiň uzak ýolunda goldaýarys
(last modified Fri, 01 Nov 2024 07:10:05 GMT )
Nov 01, 2024 12:10 Asia/Ashgabat
  • Bagaýi: Kubany Amerikanyň garşysynda kanuny göreşiň uzak ýolunda goldaýarys

Eýran Yslam Respublikasynyň Daşary işler ministrliginiň metbugat sekretary Eýranyň Kuba bilen ABŞ-nyň öňünde raýdaşdygyny aýtdy.

IRNA-nyň habaryna görä, Eýran Yslam Respublikasynyň Daşary işler ministrliginiň metbugat sekretary Ismail Bagaýi X sosial ulgamynda habar çap etmek bilen Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Kuba garşy birtaraplaýyn zorlukly hereketleriniň Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň agzalarynyň köpüsi tarapyndan ýazgarylýandygyna yşarat edip Eýranyň bu ýurt bilen raýdaşdygyny aýtdy.

Begaýi şeýle-de "Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň agzalarynyň aglaba köplügi tarapyndan 32 ýyl bäri Amerikanyň Kuba garşy" birtaraplaýyn mejbury hereketlerini ýazgarylýandygyny aýtdy.

Bu habara görä, 187 ýurt Kuba garşy ykdysady embargonyň ýatyrylmagyny isledi, bu karara diňe Ysraýyl režimi (we elbetde Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň özi) garşy çykdy.

ABŞ-nyň Kuba garşy sanksiýalary 1962-nji ýylyň fewralynda Jon F. Kennediniň administrasiýasy döwründe girizilipdi we Covid-19 pandemiýasyna garamazdan 2017-nji ýyldan bäri güýçlendirilýär.

Waşingtonyň Kuba garşy goýlan embargo, Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan on bäş gezek ýazgarylan taryhdaky iň uzyn embargodyr.