Eýranyň we Türkmenistanyň daşary işler ministrleri gatnaşyklaryň giňelmegine ünsi çekdiler
Eýranyň we Türkmenistanyň daşary işler ministrleri dürli ugurlardaky gatnaşyklaryň hemme taraplaýyn giňelmegine ünsi çekdiler.
IRNA habar gullugynyň habaryna görä, çarşenbe güni agşam geçirilen telefon söhbetdeşliginde Eýranyň Daşary işler ministri Seýid Abbas Aragçi we Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň soňky ýagdaýyny we käbir sebit meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar we iki ýurduň arasynda sebit we halkara guramalarynda hyzmatdaşlygyň dowam etdirilmegini nygtadylar.
Eýran bilen Türkmenistanyň arasyndaky gatnaşyklar soňky ýyllarda esasan geografiýa we umumy medeniýet faktoryndan paýly bolansaň ösüşe bakandyr.
Eýran bilen Türkmenistanyň takmynan 900 km gury ýer we 300 km deňiz araçägi bar.
Umumy geografiýa, iki ýurduň häkimiýetleriniň gatnaşyklary ösdürmek islegi üçin möhüm faktor.