Eýran: Ysraýyl režiminiň Gaza zolagyndaky genosidi adam hukuklarynyň aç-açan bozulmagydyr
(last modified Thu, 07 Nov 2024 10:23:45 GMT )
Nov 07, 2024 15:23 Asia/Ashgabat
  • Eýran: Ysraýyl režiminiň Gaza zolagyndaky genosidi adam hukuklarynyň aç-açan bozulmagydyr

Eýranyň ilçisi we Birleşen Milletler Guramasyndaky hemişelik wekili Sionist režimiň genosidi we Gaza zolagynyň gabawy dowam etdirilmegi müňlerçe raýaty, şol sanda aýallar we çagalar açlyk we ölüm howpuna sezewar etdi, bu bolsa adam hukuklarynyň gödek bozulmagydyr diýdi.

IRNA habar gullugynyň habaryna görä, UNRWA (Birleşen Milletler Guramasynyň Palestina bosgunlary üçin kömek we iş gullugy) hasabatyny diňlemek üçin Eýranyň Birleşen Milletler Guramasyndaky hemişelik wekili "Amir Said Irwani" bu halkara guramanyň baş komissary "Filipp Lazzarini"-e minnetdarlyk bildirmek bilen, Sionist režimiň açlygy palestina halkyna garşy ýarag hökmünde bilkastlaýyn ulanmagy Gaza zolagyndaky gumanitar krizisi güýçlendirdi we bu sebitiň halky üçin çydap bolmajak ýagdaýy döretdi diýdi.

Irwani, esasanam Gaza zolagynda palestinaly bosgunlaryň agyr ýagdaýyna Eýranyň çuňňur aladasyny bildirmek bilen, Palestina bosgunlaryna ynsanperwer kömegi berýän ýeke-täk edara hökmünde UNRWA bu krizisde möhüm rol oýnaýar we Ysraýyl mejlisiniň (Knesset) bu guramanyň garşysyna eden soňky hereketleri ýaly işini bozmak synanyşygy ýazgarylýar diýip beýan etdi.

Eýranyň Birleşen Milletler Guramasyndaky hemişelik wekili, Ysraýyl režiminiň genosid, uruş jenaýatlary, adamzada garşy jenaýat etmek, Halkara Kazyýetiniň buýruklaryny äsgermezlik etmek we palestinalylaryň hukuklaryny yzygiderli bozmak arkaly halkara parahatçylygyna we howpsuzlygyna göni howp salýandygyny ýatlatmak bilen UNRWA-ny goldamak we palestinaly bosgunlaryň hukuklaryny we howpsuzlygyny goramak halkara jemgyýetçiliginiň ileri tutýan ugry hasaplandy we Eýran Yslam Respublikasynyň UNRWA-ny goldamagy maksat edinýändigini aýtdy.

Tags