Ymam Hameneýi hak we garşylyk frontunyň ýeňiş gazanjakdygyny beýan etdiler
Yslam rewolýusiýasynyň lideri, Liwanyň Hizbullah bilen Hamasyň ösüşi we dowamly güýçli gapma-garşylygyna yşarat edip, Taňrynyň kömeginiň şübhesiz wadalaryna esaslanyp we soňky onýyllykda Hizbullah bilen Hamasyň ýeňişli gapma-garşylyk tejribelerine esaslanyp, soňky wakalar hem hökman Sionist režime garşy Hak we garşylyk frontunyň ýeňşine sebäp bolar diýdiler.
Ýokary lideriň edarasynyň maglumat bazasyna görä, Yslam rewolýusiýasynyň lideri Hezretleri Aýatolla Hameneýi şu gün Liderlik bilermenleri mejlisiniň agzalary bilen duşuşanda Gaza we Liwan jenaýatlarynda Amerikanyň we käbir Ýewropa ýurtlarynyň aç-açan ganly ellerine salgylanyp, Liwanda, Gazada we Palestinde güýçli göreşiň dowam etmeginiň netijesini hak we garşylyk frontunyň ýeňşi hasapladylar we Sionist režimiň bu Mujahidler tarapyndan aç-açan ýeňilen gününi dünýä we sebit görer diýip beýan etdiler.
Ymam Hameneýi, soňky onýyllykdaky sionist agressiýalara garşy geçirilen ýeňişleriň tejribesini shak frontuň soňky ýeňşiniň amala aşmagynyň ýene bir aýdyň sebäbi diýip atlandyrmak bilen, soňky 40 ýylyň dowamynda Hizbullah sionist režimi Beýrut, Sida we Sur şäherlerinden we ahyrsoňy Liwanyň günortasyndan tutuşlygyna çykmaga mejbur etdi we bu režimiň barlygyndan bu ýurduň şäherlerini, obalaryny we belent ýerlerini ewakuasiýa etdi diýip sözlerine goşdylar.
Yslam rewolýusiýasynyň ýokary derejeli lideri, Hizbullahyň "her dürli harby, syýasy, propaganda we ykdysady ýaraglar bilen ýaraglanan duşmany" yza çekmekde we ýeňmekde şeýle hem, Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň prezidentleri ýaly dünýäniň beýik jenaýatçylarynyň goldawyna bil baglaýan režimiň garşysyndaky ajaýyp güýji Hizbullahyň mümkinçilikleriniň ädim-ädim ýokarlanýandygyny we mujahidleriň kiçi toparyndan Hudaýyň ýolunda ullakan gurama öwrülendigini görkezýär diýmek bilen şol ýeňiji tejribe, palestinalylaryň garşylygy barada-da hem bardyr we olar 2008-nji ýyldan bäri sionist režimi bilen 9 gezek çaknyşdylar we bu režimi 9 gezek ýeňdiler diýip aýdyp geçdiler.
Hezreti Aýatolla Hameneýi, Hizbullany güýçli hasapladylar we Sionist režim bilen güýçli göreşini dowam etdirýändigine yşarat edip, Seýid Hasan Nasrallah we Seýid Safiuddin ýaly beýik şahsyýetleriň ýoklugyna garamazdan, mýdanda ýokary ruhly Mujahidleri bolan Hizbollah guramasy güýçli söweşýär we duşman muny ýeňip bilmez we üstün çykyp bilmez diýip beýan etdiler.
Yslam rewolýusiýasynyň lideri çykyşynyň başga bir bölüminde, bu günleriň şol döwrüň beýik we ýadawsyz şehit mujahidiniň Arbaeen bilen zamandaş bolmagyna yşarat edip (Şehit Seýid Hasan Nasrallah, onuň hatyrasyna we garşydaşyň beýleki serkerdelerine şol sanda şehitler Haniýe, Safiuddin, Sanwar we Nilfroşana) hormat goýdular we bu şehitler yslama we garşylyk frontuna, hormat we güýç berdiler diýip sözlerine goşdylar.