Irwani halkara jemgyýetçiliginiň Eýrana owgan bosgunlary baradaky goldawyna ünsi çekdi
Eýranyň ilçisi we Birleşen Milletler Guramasyndaky hemişelik wekili Eýranda alty milliondan gowrak owgan bosgunyň bardygyna ünsi çekip, bu barada halkara jemgyýetçiliginiň Tährana berýän goldawyny nygtady.
Penşenbe güni Eýranyň BMG-däki ilçisi we hemişelik wekili Amir Said Irwani Howpsuzlyk Geňeşiniň Owganystan baradaky mejlisinde alty milliondan gowrak owgan bosgunynyň Eýranda gaçybatalga alandygyny we bu Eýranyň çäkli çeşmelerine köp basyş edýändigini aýtmak bilen, Eýran Yslam Respublikasy her ýyl owgan immigrantlarynyň isleglerini kanagatlandyrmak üçin 10 milliard dollardan gowrak serişde sarp edýär, ýöne bu gezek halkara jemgyýetçiliginden ýeterlik goldaw alyp bilmedi diýdi.
Irwani şeýle-de, Eýran goňşusy hökmünde Owganystanyň krizisinden, esasanam 2021-nji ýylyň awgust aýynyň ahyrynda ABŞ-nyň yza çekilenden soň, Owganystan krizisiniň agramynyň deňsiz-taýsyz bölümi Eýranyň üstüne düşendir diýip aýdyp geçdi.
20 ýyllap basyp alandan we köp jenaýat edensoň, Amerikanyň basyp alyjy güýçleri 2021-nji ýylyň awgust aýynyň ahyrynda Owganystandan çykyp, ýeňlişe sezewar boldy we bu basyp alyşlygyň netijeleri henizem bu ýurtda mälimdir.