D-8 topary Yslam dünýäsiniň güýjüniň nyşany
Eýran Yslam Respublikasynyň prezidenti "Masud Pezeşkian", D-8 toparyna agza ýurtlaryň ýolbaşçylarynyň 11-nji ýygnagyna gatnaşmak üçin çarşenbe güni agşam Müsüre gitdi.
Esasy ýygnakda çykyş etmek , Gaza we Liwan üçin ýörite ýygnakda çykyş etmek, şeýle hem Müsüriň prezidenti ýaly ýurtlaryň ýolbaşçylary bilen birnäçe ikitaraplaýyn duşuşyklar Eýran Yslam Respublikasynyň prezidenti "Masud Pezeşkianyň Müsüre bir günlük sapary meýilnamalarynyň bir bölegidir .
D-8 topary, 1997-nji ýylda Eýran, Türkiýe, Müsür, Bangladeş, Nigeriýa, Indoneziýa, Malaýziýa we Päkistan ýaly sekiz ösýän yslam döwletiniň gatnaşmagynda döredildi we beýleki yslam ýurtlarynyň ykdysady ösüşinde olaryň kömegine köp umyt döretdi.
Masud Pezeşkianyň Kaire sapary sebitleýin we global deňlemeler derejesinde, yslam agza ýurtlaryň ykdysady hyzmatdaşlygyny pugtalandyrmakda, şeýle hem Eýran bilen Müsüriň arasynda gatnaşyk gurmak üçin has köp çäreleri döretmekde möhümdir.
Masud Pezeşkian çarşenbe güni Tährandan Kaire gitmezden ozal beren gürrüňlerinde Yslam ýurtlaryny ykdysady, syýasy, medeni we jemgyýetçilik taýdan ýakynlaşdyryp biljek işjeň diplomatiýa üçin bu derejedäki duşuşyklar tejribe alyşmakda örän täsirli we peýdalydyr diýipdi.
Emma Sahab ulgamynyň habaryna görä, Eýranyň prezidenti Masud Pezeşkian penşenbe güni Kairdäki "D-8" hyzmatdaşlyk guramasynyň ýolbaşçylarynyň 11-nji ýygnagynda Günbatar Aziýa sebitinde bolup geçýän soňky wakalara we bu sebitiň ýurtlarynda bolup geçýän üýtgeşmelere ünsi çekip, 14 aýdan gowrak wagtyň geçmegi bilen, Günbatar Aziýa sebitiniň, esasanam Gaza we Günorta Liwan, häzirki wagtda Yslam döwleti Siriýa basyp alyjy Ysraýyl režimeiniň hüjümleriniň astyndadygyny aýtdy.
Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti parahat ilatyň rehimsizlik bilen öldürilmegi we uruş we giň ýaýran terror sebäpli aýallaryň, çagalaryň we adamlaryň gyrana berilmegi, howpsuzlygy ýaýratmakda bikanun maksatlarynyň täze ugurlaryny açandygyny aýtdy.