Eýran: Dürli bahanalar bilen eýranlylary girew almak halkara hukugyna ters gelýär
https://parstoday.ir/tk/news/iran-i25984-eýran_dürli_bahanalar_bilen_eýranlylary_girew_almak_halkara_hukugyna_ters_gelýär
Eýranyň Daşary işler ministriniň Eýranlylar, parlament we konsullyk işleri boýunça orunbasary, dürli bahanalar bilen eýranlylary girew almak halkara hukugyna ters gelýär diýdi.
(last modified 2024-12-23T11:30:17+00:00 )
Dec 23, 2024 16:30 Asia/Ashgabat
  • Eýran: Dürli bahanalar bilen eýranlylary girew almak halkara hukugyna ters gelýär

Eýranyň Daşary işler ministriniň Eýranlylar, parlament we konsullyk işleri boýunça orunbasary, dürli bahanalar bilen eýranlylary girew almak halkara hukugyna ters gelýär diýdi.

ISNA habar gullugynyň habaryna görä; Eýranyň Daşary işler ministriniň Eýranlylar, parlament we konsullyk işleri boýunça orunbasary Wahid Jalalzadeh X sosial ulgamynda, Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň birtaraplaýyn we rehimsiz sanksiýalary we bu bikanun sanksiýalardan täsir alýan islendik hereket, şol sanda bikanun sanksiýalary bozmak ýaly dürli bahanalar bilen eýranlylary girew almak, halkara hukugyna garşy we ýazgarylýar "diýip ýazdy.

Wahid Jalalzadeh şeýle-de Daşary işler ministrliginiň dünýäniň islendik ýerinde eýranlylaryň hukuklaryny goramak borjudygyny aýtdy.